DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň (Ankara şäheri) gurnamagynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de 2024-nji ýylda amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem, geljekki ýylyň dowamynda möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň – 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de gadymy türkmen şäheri – Änewi türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi boýunça meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Bulardan başgada duşuşykda, medeniýet we sungat ugurlarda, bilelikdäki çäreleri geçirmek we özara tejribe alyşmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar