Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýäniň gurnamagynda geçirilýän COP31 halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen duşuşandygyny habar berdi.
Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň habar bermegine görä, duşuşykda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem seljerildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň gurnamagynda geçirilýän COP31 halkara maslahatyna Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.
COP31-iň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň çözülmeginde halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Çykyşynyň dowamynda Milli Liderimiz halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bäş sany möhüm başlangyjy öňe sürdi.
