BIZNES

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagy kämilleşdiriler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler