SIZDEN GELENLER

Bilim-beýik ösüşleriň binýady

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlarda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşlere eýe bolunýar. Beýik ösüş-özgertmeler ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döredip, durmuşa söýgüsini, döredijilikli zähmete höwesini artdyrýar. Şonuň bilen baglylykda, bilim işgärleri ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek babatda has tutanýerli we yhlasly zähmet çekýärler.

Kämil nesli terbiýelemek üçin diňe bir çuňňur bilim bermek ýeterlik däl. Ýaşlaryň sagdyn, döredijilikli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan we giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri hem möhümdir. Şu nukdaýnazardan, 10 — 12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Halkara sergide görkezilen döwrebap okuw enjamlary, sanly bilim serişdeleri we innowasion tehnologiýalar mugallymlaryň hünär işine täzeçe çemeleşmekleriniň mümkinçiliklerini aýdyňlaşdyrdy. Ylmy maslahatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek we hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy aýratyn bellärliklidir. Saglygy goraýyşdaky ylmy täzelikler we sport ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa bilim bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny ýene bir gezek görkezdi.

Indi ýyllardyr milli lukmançylygy, ylym-bilimi hem-de sporty özara baglanyşykly esasda hem gyradeň ilerletmäge toplumlaýyn çemeleşilip gelinýär. Bir mysal: halkara bilermenler, edil nebitgaz pudagy ýaly, türkmen lukmançylygyna-da binýatlaýyn we ýurduň tapawutly ulgamy hökmünde ýokary baha berýärler. Bu ylym-bilim we sport babatda hem şeýle. Häzirki döwrüň iň netijeli hünärleri boýunça ökde hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň, iri sport düzüminiň bolmagy aýdylanlara ýeterlik delildir. Milli lukmançylygy dünýä tejribesine kybap getirmek, döwrebap bilim-başarnykly hünärmenleri, professional türgenleri taýýarlamak babatda iň öňdebaryjy ýörelgeleredir usulyýetlere esaslanylýar. Şunda ösüşiň derwaýys şertleriniň biri bolan halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde häzirki zaman ösüş meýillerine, geljegi uly ugurlara ýykgyn edilýär. Hyzmatdaşlyk milli tejribämizi dünýä ýaýmaga we Ýer ýüzünde iň soňky gazanylanlary özleşdirmäge mümkinçilik berýän «ikitaraplaýyn gatnawly ýol» bolup hyzmat edýär.

Ähli ösen döwletlerde bolşy ýaly, ýokary bilimli we döredijilik başarnykly ýaşlar innowasiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir. Bilim babatda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde okatmagyň sanly usullary yzygiderli ornaşdyrylyp, öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman usulyýetleriniň işe girizilmegi bu ugurda bilim işgärlerine ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Diňe şu ýylyň özünde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen iki sany ýokary okuw mekdebiniň — paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim-terbiýeçilik edaralarynda döwrebap iş şertleridir mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, bilim işgärleri özleri üçin göz öňüne tutulan giň amatlyklarda netijeli peýdalanyp, döredijilikli zähmet çekýärler, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýarlar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk — ählitaraplaýyn bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bilim ulgamynyň ajaýyp merjen binalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy gysga döwürde tutuş düzüm bölekleri bilen täze, ajaýyp toplumlary gurmaga ukyply döwletimiziň, agzybir halkymyzyň beýik geljegi döretmäge ukyply nesilleri ýetişdirmek baradaky aladalarynyň çuňňur binýada esaslanýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlaryň göwün islän hünärleri boýunça bilim almaklary, işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi buýsandyryjydyr. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmek, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmek wezipelerine uly üns berilýär. Häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmak ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk derejede bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Ýaş nesle bildirilýän ynam, döredilýän mümkinçilikler we berilýän hukuk kepillikleri, olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna, uly maksatlara ýetmegine hem-de Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Çynar Patyşagulyýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň

terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Related posts

Ulitkalar hakynda gyzykly maglumatlar

Täsin arheologik tapyndylaryň syry  

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri