JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Emeli aň ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar

Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň sammiti gurmanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu meýdançanyň parahatçylygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

«Ýokary derejede guramaçylyk işleri üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlygymy bildirýärin. Şunuň bilen baglylykda, biz Azerbaýjan Respublikasynyň başlyklyk etmegini goldaýarys.

Häzirki döwürde bolup geçýän özgertmeleriň şertlerinde sebit hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynanýarys. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk biziň üçin tejribe alyşmaga, şeýle hem bar bolan päsgelçilikleri öwrenmäge we olary aradan aýyrmaga mümkinçilik döredýär.

Emeli aň ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda jogapkärçilikli çemeleşme zerurdyr. Munuň özi hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak arkaly gazanylýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Belläp geçsek, Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammiti geçirilýär.

Related posts

Türkmen türgeni “Ýüpek ýoly” rallisinde 2-nji orna çykdy

Ata Watan Eserleri

Yeni İstanbul Havalimanından Aşkabat’a uçak seferleri

vepa

Katar Asya’nın Şampiyonu

vepa