ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ödek Ödekow: ylmy mekdebiň pälwany  

Görnükli jemgyýetçilik işgäri, ylmy wagyz ediji alym Ödek Akjaýewiç Ödekowy öň adaty bolmadyk köpçülikleýin zehininiň subutnamasy bolan ylmy-populýar kitaplary, metbugat sahypalaryndaky makalalarydyr goşgulary hemem teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynyň üsti bilen gaýybana tanaýan. Ol 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi» diýen hormatly at, dereje bilen, 1994-nji ýylda «Gaýrat», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin»  medallary bilen, 2001-nji ýylda «Garaşsyzlyk», 2004-nji ýylda «Prezidentiň ýyldyzy» ordenleri bilen sylaglandy.

«Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy bolamsoň, onuň bu ugurdan halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary hakynda gyzyklanyp ýörün. Şonuň üçin Ödek Ödekowyň ýurdumyzda ýeke täk geologiýa we geofizika ugurly mekdebi esaslandyryjy alymdygyndan habarym bar. Tutuş ömri halkymyzyň hyzmaty bilen aýrylmaz baglanyşykly bu alymyň ylmy döredijilik ýoly hakynda kän wagt bäri özi bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmagyň pikirinde. Şonuň üçin ýakynda onuň maşgala ojagyna ýörite söhbetdeşlige bardyk.

Ýaşuly alym häzir 92 ýaşyndadygyny, özüniň 1934-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda doglandygyny, maşgalada alty doganyň biri bolandygyny aýtdy. Ýagny, özünden başga dört oglan, bir gyz doganynyň bolandygyny ýöne, 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýaňy 8-nji synp okuwçy mahalynda talyp agasy Abdy Ödekow ikisinden başga maşgala agzalarynyň ählisiniň kesegiň astynda  pida bolandygyny gürrüň berdi.

Eýýäm şu maglumatlardan başlanan söhbedindenem onuň ýeňil geçmedik ykbal ýoly öz-özünden düşnükli boldy. Çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelen, soňra ýetimlik bilen geçen ýaşlyk ýyllarynyň pursatlaryny alym şahsy arhiwindäki foto suratlaryň taryhy bilen ýatlady. Iki oglunyň öz kärini dowam etdirýändigini aýtdy. Soňra-da, doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli 2005-nji ýylda «Ylym» neşirýatynda türkmen hem rus dillerinde çap bolan şahsy bibliografiýa görkezijisini berdi-de:

— Ynha, şu bibliografiýa görkezijide men barada kän maglumatlar bar. Okap tanşarsyňyz, ýöne bu kitabyň çap bolan döwründen soňky ýigrimi ýylyň dowamynda köp sanly açyş etdim. Olar barada ine, bu kitaplarymdan okap bilersiňiz — diýip,  2014-nji ýylda Türkiýäniň Ankara şäherinde rus hem iňlis dillerinde çap bolan «Происхождение и еволюция вселенной» atly kitabyny, 1994-nji ýylda ýurdumyzyň «Ylym» neşirýatynda çap edilen «Летаю до сих пор во сне…» atly  goşgular ýygyndysyny, 2024-nji ýylda Moskwanyň «Litres» neşirýatynda çap bolan «Три сенсационных открытия. Етнолингвистика и история» hem-de «Истинный язык Пятикнижия пророка Моисея: откритие тысячелетней вселенской тайны» şeýle hem «Туркменский язык — праязык человечества» atly rus dilinde çap bolan kitaplaryny sowgat berdi.

— Kitaplarymy okap bolaňyzsoň, gyzyklandyrýan sowallaryňyz bolsa arkaýyn pikir alyşmaga geläýiň, gapymyz açyk. Eger, häzir berjek sowallaryňyz bolsa-da çekinmän aýdyberiň — diýdi.

Ýaşulyny ýadatmazlyk üçin az wagtlyk söhbetdeşlikden soň, hoşlaşyp gaýtmak bilen bolduk. Öýe gelemsoň, ilki bilen onuň bibliografiýa görkezijisini okap çykdym. Ylym üçin tüýs berlen bu alymyň gönümel, erkin pikirli  häsiýetiniň bardygyny öňdenem eşidipdim, ýöne kitabyň girişinde onuň öz ýazan:

«Meniň şahsy bibliografiýam doglan günümiň 50 ýyllygyna gabatlap neşire taýýar edildi, emma ol öň çap edilmedi. Çünki, men ol döwürde ykrar edilen alymdygyma garaman, öz ýurdumda guramaçylykly ýanamalara sezewar edilipdim.

Geçen iki on ýyllykda onda beýan edilen maglumatlar öz ähmiýetini ýitirmedi. Meniň bagtyma, şol döwürdäki döredijilik üstünliklerim dowam etdi we meni täze ýeňişlerden açyşlara ýetirdi. Şol sebäpden hem meniň razylygym bilen «Ödek Akjaýewiç Ödekowyň durmuşynyň we işiniň gysgaça oçerklerini» okuwçylarymdan biriniň — Sofiýa Wasilýewna Tulaýewanyň doglan günümiň 50 ýyllygyna bagyşlap taýýarlan görnüşinde galdyrmak karara gelindi. Diňe olaryň üstüni şu giriş we kärdeşim, egindeşim hem okuwçym, Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynyň at gazanan işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Mars Aşyrmämmedowyň meniň soňky 20 ýyllykdaky hyzmatlaryma bagyşlanan işi bilen ýetirmek dogry diýip hasap edildi.

Şahsy bibliografiýanyň beýleki ähli bölümleri maňa başartmaýan, yhlas hem dykgat bilen meniň arhiwimi ýöredýän ýanýoldaşym Maýa Gurbanowna Ödekowanyň köp ýyllyk zähmetiniň netijesidir. Şahsy bibliografiýanyň kompýuter görnüşini meniň okuwçylarym hem egindeşlerim Tatýana Korženkowa we Inessa Perminowa ýerine ýetirdiler. Ýokarda agzalan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin».

Ödek Akjaýewiç Ödekow, akademik — diýen ýazgysyny okap has anyk göz ýetirdim. Sebäbi bu hili häsiýetdäki adamlaryň durmuşynyň ýeňil bolmaýandygyny agam Aşyrberdi Kürtüň ykbalyndan bilýän. Ine, alymyň şojagaz ýazgysynyň özünden onuň ylmy döredijiligine uly hormat goýan ýanýoldaşynyň bolandygy, ýetişdiren şägirtleriniň hem özi ýaly sowatly alymlardygy hakynda oýlandyrdy. Onsoň ol baradaky maglumatlary gaýtadan okadym.

Ödek Akjaýewiç Ödekow ilki Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdepde, soňra Moskwanyň M.I. Gubkin adyndaky nebitçilik institutynda okaýar. 1958-nji ýylda-da Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň geologiýa institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär. Şol ýylyň oktýabr aýynda ol ilkinji gezek nebitiň we gazyň emele gelmeginiň meseleleri boýunça Bütinsoýuz ylmy maslahata gatnaşýar. 1960-njy ýylda bolsa, Tbilisi şäherinde geçirilen Zakawkaziýanyň ýaş geologlarynyň III ylmy maslahatynda çykyş edýär. Ol gündizki aspirantura goýberilen möhletde 3 ýylda ylmy işini tamamlaýar we Azerbaýjanyň ylymlar akademiýasynyň geologiýa institutynda Azerbaýjan SSR-niň ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Ş.F. Mehtiýewiň ylmy ýolbaşçylygynda «Goturdepäniň geologiýa gurluşy we nebitliligi» atly temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Şo mahallar eýýäm onuň Goturdepäniň geologiýa gurluşy barada 6 sany ylmy işi çap edilen. Şol temany öwrenenleri üçin ýurdumyzyň alymlarynyň topary şondan iki ýyl geçensoň Lenin baýragyna mynasyp bolýar.

Ýaş alym 1960-njy ýylda «Balkanýaka sebitiniň gurluşlarynda  (strukturalarynda) giňden gabat gelýän üzülip bozulmalaryň tebigaty barada», biraz soňra bolsa ikinji işini — «Günorta-Gündogar Türkmenistanda ikilenji gatlaryň tebigaty barada» atly işlerini çap etdirýär. Emma şol wagtlar onuň bu işlerine geologiýa bilen iş salyşýanlar üns  bermeýärler, ýöne barybir, bu iki iş alymyň geljekki işleriniň esasy badalgalary bolýar. Ödekowyň bu işleriniň ilkinjisi ylmy netijäni esaslandyrsa, ikinjisi ylmy açyşa barýan aýdyň ýol bolýar. Ol birnäçe ýyl soň ylmy açyş hökmünde Oýlap tapyşlar barada Döwlet Komitetinde bellige alynýar.

Dissertasiýasyny gorandan soňra 1961-nji ýylda Ödek Ödekow TSSR Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda uly ylmy işgär wezipesine işe kabul edilýär. 1962-nji ýylda bolsa, alyma Türkmen döwlet uniwersitetiniň nebitçilik fakultetiniň täze döredilen geofizika kafedrasynda işlemegi teklip edilýär. Onuň bu işinde ökde guramaçylyk başarnygy, täze ilkinji gezek başlanýan kyn işe bolan gyzyklanmasy  we ýaşlar bilen işlemäge höwesi zähmet ýolunda ýeňil bolmadyk mugallymçylyk kärine gönükdirýär. Şo döwürde esasy işine köp wagty sarp etmeli bolanlygy sebäpli onuň ýekeje ylmy işi çap bolýar.

1965-nji ýylda alym Ödekow Ýeriň we atmosferanyň fizikasy institutyny guramak we oňa ýolbaşçylyk etmek üçin ýene-de TSSR YA-syna işe çagyrylýar. Oňa bu işinde Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmen politehniki institutynda nebitçilik fakultetiniň ilkinji dekany we şol fakultetiň geofizika kafedrasynyň ilkinji müdiri wezipelerinde işlän döwri toplan tejribesi uly ýardam berýär.  Işgärler bilen, ilkinji nobatda ýaşlar bilen işleşmek endigi alymyň täze institutyň direktory wezipesindäki iş başarnygyny kesgitleýär. Ol 1966-njy ýylda SSKP-niň agzalygyna kabul edilýär.

Ödek Ödekow 1965-1970-nji ýyllarda ylmyň belentliklerinde örän ýokary işjeňlik görkezýär. Ol bäş ýylda 23 sany ylmy iş çap etdirýär hem şol  ýyllarda geofizikadan gymmatly işleri döredýär. Alym kandidatlyk we doktorlyk ylmy işleriniň ikisinem geologiýadan gorasa-da, ol geofizikadan hem daşlaşmaýar.

Ödekow hemişe: «ýer gabygynyň çuňlukdaky gurluşyny bilmezden buraw we işlemek üçin elýeterli çuňluklarda gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň barlygynyň ygtybarly çaklamasyny berip bolmaz» diýip hasap edýär. Onuň bu döwürde amala aşyran işleri ýurdumyzyň ähli nebit-gazly sebitinde diýen ýaly soňraky ýyllardaky çaklama işleriniň badalgasy bolup hyzmat edýär.

Arhiw maglumatlara ser salanyňda onuň  dürli ýyllarda ýokary wezipelerde işländigi barada ýazgylar bar. Köp maglumatda oňa ylymlaryň ýaş kandidaty diýlip ýüzlenilýär. Munuňam öz sebäbi bar. Ödek Ödekow kandidatlyk ylmy işini 27 ýaşynda, doktorlyk ylmy işinem kyrk ýaşa ýetmän goraýar.

Alym Türkmen döwlet uniwersitetiniň kandidatlyk dissertasiýasyny goramak boýunça Alymlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary, dünýäniň iň ýokary seýsmologiýa guramasy bolan Ýewropa seýsmologiýa iş toparynyň (komissiýasynyň) agzasy, «TSSR YA-nyň habarlary» žurnalynyň redkollegiýasynyň agzasy, SSSR YA-nyň  Prezidiumynyň ýanyndaky seýismologiýa we seýsmiki çydamly gurluşyk boýunça Ulgamara Geňeşiň agtaryş geofizikasy usullary bilen seýsmiki howply zolaklary öwrenmek boýunça iş toparynyň agzasy, ýer gabygynyň we üstki örtgüsini  toplumlaýyn öwrenmek boýunça Geňeşiň Orta Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerini ýerine ýetirýär. Şol ýyllarda ol her ýyl Bütinsoýuz we Halkara ylmy maslahatlaryň işine gatnaşýar. Ine, şu maglumatlardan görşümiz ýaly oňa şeýle uly wezipeleriň ynanylmagy onuň öte sowatlylygynyň hem iş başarjaňlygynyň, guramaçylyk ussatlygynyň aýdyň subutnamasyny görkezýär.

Ödekowyň ilkinji monografiýasy «Goturdepäniň geologiýa gurluşy we nebitliligi» ady bilen çap edilýär. Adynyň meňzeşdigine garamazdan, bu kitap kandidatlyk dissertasiýasynyň gijikdirilip çap etdirilen görnüşi däl. Monografiýa girizilen maglumatlaryň üsti köp maglumatlar bilen doldurylyp, eýýäm berilýän maglumatlar ýetişen alymyň nazarýeti esasynda beýan edilen.

Ödek Akjaýewiç Ödekow 1971-nji ýylyň aprel aýynda Moskwada okan ýokary okuw mekdebinde «Geologiýa-geofizika barlaglar boýunça Kaspiý-Köpetdag sebitiniň Kaýnozoý gurluşy (Strukturasy) tektoniuka, ösüşiniň taryhy, emele geliş mehanizmi, klassifikasiýasy we nebit-gazlylygy» diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Oňa 1973-nji ýylda Soýuzda ilkinji bolup iki hünär ýagny, — «Gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň ojagyny gözleýşiň we agtaryşyň geofiziki usullary» we «Nebit we gaz ojaklarynyň geologiýasy, gözleýşi, agtaryşy» hünärleri boýunça professor ylmy ady dakylýar we şol ýyl ol TSSR YA-nyň habarçy agzalygyna saýlanýar.

Bu üstünliklerden soňra Ödekowyň ady has-da giňden tanalyp başlaýar. 1972-nji ýylda ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň IX-XX asyrlardaky durmuşy we medeni ösüşi boýunça ÝUNESKO-nyň Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar.  Ol 1973-nji ýylda  seýismologiýa we seýsmiki durnukly gurluşykda işleriň ýagdaýyna we ösüşine bagyşlanan Bütinsoýuz maslahaty guraýar we oňa başlyklyk edýär. Şeýle hem alym 1974-nji ýylda «Kosmiki tozanyň atmosfera bilen täsiri» atly II Bütinsoýuz simpoziumyna we «Ýeriň elektrik geçirijiligi boýunça Bütinsoýuz mekdep» atly ylmy maslahata ýolbaşçylyk edýär.

Oňa «Geofizika we geologiýa ylymlarynyň professory, Ödek Akjaýewiç Ödekow diňe bir alym bolman, ylmyň guramaçysydyr. Ol TSSR Ylymlar akademiýasynyň Ýeriň we atmosferanyň fizikasy institutynyň guramaçy direktory, Türkmen politehniki institutynyň nebitçilik fakultetiniň ilkinji dekany, geofizika kafedrasynyň müdiri. Onuň ylmy we etiki nukdaýnazarlary Türkmenistanda geologlaryň we geofizikleriň köpsanly toparynyň kemala gelmegine ägirt uly täsir etdi» diýip baha berilýär. Mundan ýigrimi ýyl öň ýazylan maglumatlarda:

«Diňe soňky alty ýylyň dowamynda akademik Ödekowyň ýolbaşçylyk edýän YBGGI-niň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriniň esasynda önümçilige 57 amaly teklip berildi, olaryň 27-si alymyň özi tarapyndan ýa-da şonuň ýolbaşçylygynda taýýarlanyldy» diýip beýan edilýär. Şeýle hem ýaş toýy bilen onuň 45 ýyllyk ylmy barlaglarynyň we açyşlarynyň miwesi bolan «Tektoniki hereketler baradaky maglumat» atly monografiýasynyň çapa taýýarlanmasynyň gabat gelendigi aýdylýar. Her bir maglumatlara salgylananyňda onuň örän işjanly, ylymy ähli zatdan ileri tutýan başarjaň, gaýratly, hat-da öz-özünden talap ediji häsiýetini görüp bolýar. Ol ilkinji nobatda öňünde maksat goýup, şol maksadyna ýetmek üçinem okgunly hereket edýär.

Onuň işleri ýurtda ilkinji gezek matematiki modelleşdirme usulynyň ulanylyp başlanmagyna itergi berýär. Alymyň ýolbaşçylyk etmeginde we işlere gönüden-göni gatnaşmagynda ilkinji gezek tektonofiziki barlaglar geçirilýär.

1977-nji ýylda ol Türkmen politehniki institutynyň umumy geologiýa kafedrasynda mugallymçylyk işi bilen zähmet ýoluny dowam edýär. 1979-njy ýylda şol kafedranyň müdiri wezipesine saýlanýar. Wagtynyň köpüsini mugallymçylyga sarp etse-de ylmy döredijiliginden we wekilçilikli Bütinsoýuz komitetlerdäki jemgyýetçilik işini taşlamaýar.

1977-nji ýyldan başlap Ödekow önümçilik guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň çäkli gurluşlarynyň önümliligini çaklamak temasy boýunça ilkinji hojalyk şertnamalaýyn hasabatyna garaýar. Emma ömrüniň bu döwründe önümçiligiň meselelerini çözmegiň netijeli ugruny tapmakdan başga-da, Ödekow özüniň doly kemala gelen we köp ýyllyk gözlegleriniň netijesi bilen tassyk bolan iň nazary açyşyny hem amala aşyrýar.

1978-nji ýylda ol oýlap tapyşlar boýunça Döwlet komitetine «Ýer gabygynda dikligine we keseligine tektoniki hereketleriň bilelikde gelme hadysasy» atly ylmy açyşyna Talapnama ýollaýar. Bu ylmy açyşynda ol döwürdeş iki tektoniki ylmy çaklamasynyň tarapdarlarynyň «dikligine hereketçiler» bilen «keseligine hereketçiler» arasyndaky jedeli çözüp berýär.

«Ödekow çäkli ýerdäki bozulmalaryň sebitleýin döwükler sebäpli döreýändigini çak etdi, soňra bolsa subut etdi. Onuň öňe süren kanunalaýyklyklarynyň esasynda täze burawlanýan gasynlaryň çylşyrymly tektonikasyny düşündirmek, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebit ýataklaryny gözleýiş we agtaryş işleriniň usulyny dogry kesgitlemek mümkin boldy.

SSSR-iň oýlap tapyşlar we ylmy açyşlar boýunça Döwlet Komiteti Ödekowyň «Ýer titremeleri çaklamagyň usuly» atly oýlap tapyşyny ykrar etdi we oňa SSSR-iň 9/ 3311 belgili awtorlyk şahadatnamasyny bermek hakynda Karar kabul etdi» diýen maglumatlar alymyň alyp baran ylmy işleriniň netijeleri hakyndaky anyk deliller. Şeýle maglumatlar bolsa sanardan kän. Ynha, oňa ýene bir mysal:

«1979-nji ýylda ýer titremeleri çaklamak boýunça ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halkara ylmy maslahatda, ýer ýüzünde diňe ýedi sany güýçli ýer titremäniň, şol sanda SSSR-de üç, olardan Türkmenistanda bir ýer titremäniň öňünden dogry kesgitlenendigi bellenildi. Ýer titreme baradaky şol çaklama Ödekow we onuň şägirtleriniň biri tarapyndan 1975-nji ýylda edilip, onda Eýranyň Horasan welaýatynda boljak güýçli ýer titreme öňünden aýdylypdy. Ödekowyň açyşynyň seýsmologiýanyň tejribesinde ornaşdyrylmagy onuň 1981-nji ýylda ýazan monografiýasynda beýan edilen uly nazary açyşynyň netijesidir».

150 ýyl dowam eden jedelleriň çözülmesini tizleşdiren  bu açyşa tanymal geotektonikaçy W.Y. Hain: «Bu açyşdan gelip çykýan nazary we amaly netijeleriň diňe bir geotektonika üçin däl, eýsem seýsmologiýa, tektonofizika, dag-magdan jynslarynyň mehanikasy, Ýer baradaky ylymlaryň käbir bölümleri üçin hem örän möhüm ähmiýeti bar. «Ýer gabygynda dikligine we keseligine tektoniki hereketleriň bilelikde ýüze çykma hadysasy» atly açyşyň Ýer baradaky ylymlar üçin düýpli häsiýetli we sowet ylmy üçin ileri tutulýan ähmiýeti bardyr» diýip  baha berýär.

Ödekow mugallym hökmünde-de, ylmy ýolbaşçy hökmünde-de sanardan kän şägirtleri ýetişdiren şahsyýet.

Alymyň ilkinji açyşynyň esasynda S.W. Tulaýewa «Gündogar Köpetdagyň Türkmenistanyň platformalaýyn bölegi bilen galtaşýan ýerindäki gurluş-formasiýa zolaklarynyň çaklamasy» atly kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.

Ödekowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň geofizikleriniň arasynda uly gyzyklanma döreden grawimagnit maglumatlaryny düşündirmegiň netijeli usuly işlenip düzüldi. Onuň döreden ylmy mekdebi, ýetişdiren şägirtleridir. Şonuň üçin oňa ylmy mekdebiň pälwany diýesimiz gelýär.

Ödekow ýurdumyzda ykrar edilen az sanly alymlaryň biri hasaplanýar. «Ol 150-den gowrak ylmy işiň, 9 monografiýanyň awtory. Onuň redaktirlemeginde we gatnaşmagynda öz ugrundan ýeke täk reňkli kartalar neşir edildi, ol oýlap tapyş barada awtorlyk şahadatnamasyny aldy. (bu umuman, ylmyň nazarýeti bilen, aýratyn-da geologiýa bilen meşgullanýan alymlarda örän seýrek duş gelýän hadysadyr) Oýlap tapyşlar baradaky Döwlet Komiteti onuň ylmy açyş baradaky iki talapnamasyny kabul etdi, ýene-de üç oýlap tapyşa talapnama taýýarlandy. Alym Şatlyk gazkondensat ojagyny açandygy üçin Bütinsoýuz ministrligiň baýragyna mynasyp boldy».

Ol öz üstünlikleri barada: «Ömrüni ylma bagyş eden adamyň ýalňyşmaga-da hukugy bardyr. Onuň şol hukugyny elinden alsaň — ol gözleglere bolan hukugyny hem ýitirer. Meniň üstünligimiň sebäbi ýeňişleri hem deň kabul edenligimde, ýalňyşmagymyň mümkindigini bilenimde, ýalňyşlary ýatdan çykarman, ýolumy dowam etdirenligimde» diýip hasap edýärin — diýýär. Onuň bu aýdýan sözleri halypa-şägirtlik ýolunda ýaş hünärmenler üçin gymmatly maslahat.

«Alymyň çaklama işleriniň toplumy Türkmenistanyň ähli nebit-gaz gözleg sebitlerinde ulanylýar. Onuň gelen netijeleriniň we teklipleriniň köpüsi soňky 20 ýylda nebit we gaz ojaklarynyň açylmagy bilen amaly taýdan tassyklandy».

Elbetde, biz bu maglumatlaryň köpüsini alymyň şahsy bibliografiýasyna salgylanyp, başardygymyzdan makalamyzda ulandyk. Ýöne ömrüni ylma bagyşlan ýaşuly alymyň ylmy döredijilik ýolunyň söhbedi bir makalanyň çägine sygardan has uly. Onuň soňky 20 ýylyň dowamyndaky açyşlary hakynda bolsa, indi öwrenmeli bolýas. Şonuň üçin makalamyzyň ahyrynda alym ýaşulymyz Ödek aga jan saglyk, uzak ýaş, ylmy döredijiliginde ýeneki  ýyllarda-da üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuwlaýarys.

                                                                                                                                                                       Akgül Saparowa.

 

Related posts

Döwletgeldi Annamyradow: ýene hoş habar aýdar öýtdüm

Ata Watan Eserleri

Oraz Ýagmyr: ýazyjynyň ruhunyň öňündäki bergim

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar