SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Metbugat sapary-5: Çanakkale Şehitler ýadygärlik toplumyna baryp görüldi

Türkmenistanly žurnalistler topary Balykesir we Çanakkale metbugat saparynyň çäklerinde Çanakkale şäherinde gezelençde boldular. Çanakkale syýahatynyň dowamynda taryhy ähmiýeti bilen tapawutlanýan Şehitler ýadygärlik toplumyna baryp görmek mümkinçiligi döredildi.
Türkiýäniň Çanakkale welaýatynyň Gelibolu ýarymadasynda ýerleşýän bu ýadygärlik Çanakkale söweşlerinde Watany ugrunda gahrymanlarça wepat bolan esgerleriň hatyrasyna bina edilipdir.
Ýadygärligiň düýbi 1954-nji ýylyň 17-nji aprelinde tutulyp, 1960-njy ýylyň 21-nji awgustynda, Ikinji Anafartalar ýeňşiniň 45 ýyllygy mynasybetli, köpçülikleýin zyýarat üçin açylypdyr. Binagärler Dogan Erginbaş, İsmail Utkular we Feridun Kip tarapyndan taýýarlanan taslama esasynda gurlan bu ýadygärlik Çanakkale söweşlerinde wepat bolan esgerleriň gahrymançylygynyň nyşanydyr. Toplumyň binasynda söweş pursatlaryny şekillendirýän relýefler hem ýerleşdirilendir.
Şehitler ýadygärlikler toplumy diňe bir taryhy ýadygärlik bolman, eýsem, edermenligiň, watançylygyň, agzybirligiň we parahatçylygyň gymmatyny alamatlandyrýan mukaddes ýatlama mekanydyr. Bu ýere gelmek bilen taryhyň möhüm sahypalary bilen tanyşmaga, gahrymanlaryň görkezen edermenligine we olaryň hatyrasyna çuňňur hormat goýmaga mümkinçilik döreýär.

Related posts

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Aşgabatdan Sarahsa we Arçmana awtobus gatnawlary ýola goýuldy

BMG: Nädogry maglumatlardan saklanyň!

Ata Watan Eserleri