DÜNÝÄ

Ilçi: Fizulidäki metjidiň açylyşyny 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde gurýan metjidiniň açylyş dabarasyny 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Bakuwda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabarada mälim etdi.

Ilçi Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny belläp, bilelikdäki başlangyçlaryň we iri taslamalaryň iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmäge ýardam edýändigini nygtady.

«Häzirki wagtda ýene bir möhüm taslama — Fizuli şäherinde metjit gurmak taslamasy durmuşa geçirilýär. Metjidiň açylyş dabarasyny şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär» diýip, diplomat belledi.

Related posts

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Bütindünýä Azyk maksatnamasy Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Efiopiýada Täze ýyl baýramçylygy