DÜNÝÄ

Rubio 17-22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapar eder

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Samarkanda (Özbegistan), şeýle hem Mumbaýa we Jamnegara (Hindistan) sapar eder. Bu barada Amerikanyğ daşary syýasat edarasynyň 13-nji oktýabrda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

«Özbegistanda Döwlet sekretary Rubio «C5+1» formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşar. Bu duşuşyk bu mehanizmiň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlygyň ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň ösüşine we parahat geljegine nähili goşant goşýandygyna ünsi çekmek maksady bilen geçiriler» diýlip resminamada bellenilýär.

«C5+1» — bu ABŞ-nyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmidir. Waşington bu formaty takmynan 2015-nji ýyldan bäri ulanýar.

Rubio agzalan ýurtlaryň wekilleri bilen iki taraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, Özbegistana amerikan iri işewürlik dünýäsiniň 200-den gowrak wekili geler. Amerikan tarapy muny «ABŞ we Merkezi Aziýanyň söwda gatnaşyklaryny berkitmekde täze döwrüň başlangyjyna» ýardam eder diýip beýan edýär.

Hindistanda Rubio «iki taraplaýyn strategik önümçilik hyzmatdaşlygyny berkitmek, sebitdäki we dünýädäki wakalar barada pikir alyşmak, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini maslahatlaşmak» üçin resmi wekilleri bilen duşuşar. Rubio söwda-ykdysady ulgamda «hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etmek» maksady bilen işewür wekilleri bilen hem duşuşar.

Related posts

Altyn Asyr Lake new opportunities for the region

vepa

Putin: 2022-nji ýyl türkmen-rus gatnaşyklarynda üstünlikli ýyl boldy

Milli Liderimiz “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusyny ýazdy

Ata Watan Eserleri