DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşýar

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Milletler köşgünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi öz işine başlady.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalary berkitmek, halkara goraglylygy we beýleki meseleleriň hataryny Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň we hökümetara hem-de hökümete dahylly bolmadyk hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyl Ženewada öz mejlisini geçirýär.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mejlis öz işini 16-njy oktýabra çenli dowam edýär.

Related posts

Türkmenistan-ÝHHG: geljek ýyl 68 taslama durmuşa geçiriler

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň ilçisi Mejlisiň başlygy bilen duşuşdy

Dünýäniň iň täsirli zenanlary