DÜNÝÄ

Täjigistanyň ilçisi Mejlisiň başlygy bilen duşuşdy

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafo Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda taraplar parlament diplomatiýasynyň ähmiýetini belläp, onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ygtybarly gural bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň işleri barada aýdyldy we onuň işlerini iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Türkmenistandan Nikaragua gutlag haty

Fransiýanyň ikinji zenan hökümet başlygy

Russiýada Prezident saýlawlarynyň senesi kesgitlendi