DÜNÝÄ

«Ajaýyp Hytaý: sungat gözelligindäki Sinszýan» atly sergisi açyldy

29-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ajaýyp Hytaý: sungat gözelligindäki Sinszýan» atly şekillendiriş sungaty we fotosurat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Sergi myhmanlary Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň tebigy dürlüligi, medeni mirasy we häzirki zaman durmuşy bilen tanyşdyrýar.

Sergide görkezilýän nakgaşçylyk eserleri we fotosuratlar sebitiň tebigy gözelliklerini, özboluşly däp-dessurlaryny hem-de gündelik durmuşyny şöhlelendirýär. Suratkeşler öz eserleriniň üsti bilen Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň köpdürlüligini, tebigy aýratynlyklaryny we medeni özboluşlylygyny açyp görkezýärler.

Sergi myhmanlara Hytaýyň sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga, suratkeşleriň we fotosuratçylaryň bu sebitiň özboluşly keşbini hem-de ruhuny nähili beýan edýändiklerini görmäge mümkinçilik berýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, şeýle hem Hytaýyň Suratkeşler Birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Edebiýat we sungat federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, Sinszýanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Kuaý Çženmin gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleri halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmakda medeni hyzmatdaşlygyň we sungat ulgamyndaky tejribe alyşmalaryň ähmiýetini bellediler.

Resmi dabaradan soň myhmanlar sergide görkezilýän eserler bilen tanyşdylar. Sergi boýunça gezelenji Kuaý Çženmin alyp baryp, gatnaşyjylara çeperçilik eserlerini tanyşdyrdy we olaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

«Ajaýyp Hytaý: sungat gözelligindäki Sinszýan» atly şekillendiriş sungaty we fotosurat sergisi halkara jemgyýetçiligini sebitiň sungaty we medeni mirasy bilen tanyşdyrmagy dowam etdirýär. Mundan ozal bu sergi Özbegistanda we Gazagystanda hem görkezilipdi.

Sergä 11-nji noýabra çenli baryp görmek mümkin.

Related posts

Türkmenistanyň deputatlary üçin okuw maslahaty

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Türkmenistanyň wekiliýeti SPECA-nyň ministrler duşuşygyna we UNECE-iň 71-nji mejlisine gatnaşdy