JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz özüniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Batyr Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellendi

Ata Watan Eserleri