SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda plastiki hirurgiýanyň döwrebap usullary ara alyp maslahatlaşyldy

11-nji oktýabrda Aşgabatda «Plastiki, bejeriş hirurgiýa we estetiki lukmançylyk» boýunça plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işi paýtagtda bir gün ozal açylan halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Estetiki merkeziň mejlisler zalynda boldy diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Mejlise Plastiki, bejeriş we estetiki hirurglaryň Russiýa jemgyýetiniň prezidenti, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory Natalýa Manturowanyň ýolbaşçylygyndaky russiýaly alymlaryň we hünärmenleriň wekiIýeti gatnaşdy.

Hünärmenler döwrebap kliniki teswirnamalary, dikeldiş mikrohirurgiýasynyň usullaryny, lazer tehnologiýalarynyň ulanylyşyny we näsaglaryň howpsuzlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem gatnaşyjylar çylşyrymly dikeldiş bejeriş operasiýalary geçirmek boýunça tejribe alyşdylar we ýaş hirurglary taýýarlamagyň hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin önümçilik tejribeligini guramagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Aýratyn üns Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli kliniki merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ylmy çalşyga we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berildi.

Related posts

Türkiýede koronawirus ýagdaýy gowşaýar

“Sinowak”-dan “Covid-19” görnüşlerine garşy täze sanjym

Aşgabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy