SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyryldy.

Bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Moskwa ugry boýunça soňky 1 aýyň dowamynda  birnäçe gatnawlar amala aşyryldy. Bu gatnawlar 9-njy martda, 14-nji martda, 18-nji martda we 25-nji martda ýerine ýetirilipdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynda bar bolan maglumatlara görä, soňky aýlarda ýörite gatnawlar has-da işjeňleşdirildi. Moskwa we Stambul ugurly ýörite gatnawlaryň hataryna Minsk hem goşuldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Related posts

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Russiýa gyssagly wiza resmileşdirmek tertibi

ÝB «Şengen» wizasyny alyş düzgünlerini çylşyrymlaşdyrdy