JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy başlady

Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň VIII konsultatiw duşuşygy öz işine başlady. Bu formatdaky duşuşyk ilkinji gezek geçirilip, ol hem Türkmenistanyň paýyna düşdi.

Mälim bolşy ýaly, Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham aliýew gatnaşýar.

Forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara derejedäki möhüm çärelere “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Lotus Gym Club’da Makul Hyzmat Tercüme Tanıtımı

vepa

Ýewro-2020: Ispaniýa güýçlidigini görkezdi