JEMGYÝET

Türkmenistan Gana we Kuba Respublikalaryna täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistan Gana we Kuba Respublikalaryna täze ilçi belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajyýew şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Related posts

Tataristan Cumhurbaşkanın Yaş gününe kutlama mesajı

vepa

Afrika’da Türkmen güreşinin zaferi

vepa

Jemgyýetçilik kabul edişligi