19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherindäki «Mizuho» stadionynda XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistan döwletimizi wekilçilik edýän türkmen türgenleri hem türkmen Tugy bilen janköýerleriň öňlerinden geçdiler.
«Birleşen Aziýany göz öňüne getir» şygary astynda geçirilýän ýaryşlar 4-nji oktýabrda tamamlanar. Oýunlara 45 milli Olimpiýa komitetinden 10 müň töweregi türgen, şeýle hem bosgunlar topary gatnaşýar.
Sportuň 43 görnüşi boýunça 469 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.
Açylyş dabarasyna imperator Naruhito we imperator maşgalasy Masako gatnaşdy. Oýunlaryň resmi taýdan açylýandygy yglan edilenden soň, türgenleriň ýörişi we alawy ýakmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna sportuň 8 görnüşi boýunça çykyş etjek 34 türgen wekillik eder. Türkmen türgneleri erkin we grek-rim göreşi, uşu, boks, suwda ýüzmek, agyr atletika, kuraş, ýeňil atletika, karate-do görnüşleri boýunça baýrakly orunlar üçin bäsleşerler.
