DÜNÝÄ

Türkmenistanyň welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurlar

Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da artdyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12 gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky tagallalaryny goldaýar

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Türkmenistan bilen Russiýa söwda dolanyşygyny artdyrar