DÜNÝÄ

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky tagallalaryny goldaýar

Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatynda çykyş eden Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisiak Türkmenistanyň özüni söwda we üstaşyr merkezi hökmünde görkezmek we bazarlaryny diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalaryna goldaw berýändigini belledi.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky ulag maksatnamasy babatda aýdylanda bolsa, ol hem demirýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň geçirijilik kuwwatyny ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýandygyny bellän Artur Andrisiak demirýol ulgamynyň ýokary ykdysady netijeliligi bilen amatly ulag ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Artur Andrisiak Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistana Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugry boýunça tehniki-ykdysady seljermäni taýýarlamaga goldaw berýändigini belläp, bu taslamanyň 1147 kilometrlik liniýada ýolagçy we ulag gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem bu ugur Türkmenistanyň çäginden geçýän ähli halkara geçelgeleri birleşdirýändigi hem bellenildi.

Şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen ysnyşykly gatnaşyklayr ösdürmäge taýýardygyny belledi.

 

Türkmenistan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyr

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar