DÜNÝÄ

Merkel koronawirusa garşy sanjym aldy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Angele Merkel koronawirus ýokanjyna garşy sanjym aldy. Onuň “AstraZeneca” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymyny alandygy mälim edildi. Bu barada Germaniýanyň Ministrler Kabinetiniň resmi wekili Ştefen Zaýbert özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi.

– Şu gün men “AstraZeneca” kompaniýasynyň sanjymynyň ilkinji dozasyny aldym. Men sanjym etmek işine gatnaşýanlaryň ählisine we sanjym alanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin. Sanjym – pandemiýany ýeňip geçmegiň açary – diýip, kanseleriň aýdan sözleri beýan edilýär.

Mundan ozal, bu kompaniýanyň sanjymyny ýurduň Prezidenti Frank-Walter-Ştaýnmaýer hem alypdy. “AstraZeneca” kompaniýasynyň sanjymy Germaniýada 60 ýaşdan uly adamlara edilýär.

Germaniýada лoronawirusa garşy sanjym dekabr aýynyň ahyrynda başlandy, şol döwürde ilatyň 18% töweregi sanjym serişdeleriniň birinji dozasyny – takmynan 15 million adam aldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi