DÜNÝÄ

Aşgabat ylalaşygyň çäginde ýük gatnawy synag ediler

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän  “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň (Aşgabat ylalaşygy) iş komitetiniň 3-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda komitetiň ozalky ýygnagynyň teswirnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berildi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli köp sanly göz öňünde tutulan çäreleriň geçirilip bilinmändigi bellenilip, Aşgabat ylalaşygy hökmünde tanalýan bu ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky ylalaşyk boýunça bilelikdäki işleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem üstümizdäki ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Hindistan-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan we Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan we tersine bu ugurlar boýunça awtomobil, demirýol we konteýner ýüklerini synag hökmünde daşamak göz öňünde tutulýar. Bu synag ýük gatnawlarynda döräp biläýjek päsgelçilikleri we ýükleri eltmegiň möhletini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

“Aşgabat ylalaşygy” 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde güýje girdi. Mundan ozal, 2014-nji ýylyň awgustynda Omanyň paýtagty Maskatda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri tarapyndan özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekilipdi.

Häzirki wagtda bu ylalaşyk we ähtnama 4 ýurt tarapyndan hem tassyklandy.

 

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky tagallalaryny goldaýar

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy