DÜNÝÄ

Türkmenistan täze ulag geçelgelerini öňe sürýär

Şu gün Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ulag düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ulag geçelgelerini döretmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi.

Bu ugurda ilkinji duşuşykda Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran we Tajigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça özara pikir alyşmalar geçirilýär.

Bu ulag geçelgelerini döretmek pikiri türkmen tarapynyň başlagyjy esasynda öňe sürüldi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy sebitinde ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulag görnüşlerinde halkara kombinirlenen ýük gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda howply ýükleriň, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň, awtomobil we demirýol ýollarynyň ýeke-täk sanawyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip geçildi.

Ýük gatnawyny artdyrmak, gurama gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag-logistika bileleşikleriniň we assosiasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak maksady bilen taraplar YHG-nyň sekretariatyna özüniň milli ulag-logistika bileleşikleri we assosiasiýalary barada maglumat berip, hyzmatdaşlyk boýunça umumy ylalaşygy baglaşagyň mümkinçiliklerine seretmek göz öňünde tutulýar.

 

Aşgabat ylalaşygyň çäginde ýük gatnawy synag ediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar