DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýurda döwlet sapary bilen bardy. Sapar 13-16-njy sentýabry aralygynda bolup geçer.

Seulda bolmagynyň dowamynda özbek Lideri Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gepleşikleri, şeýle hem Milli Assambleýanyň Başlygy Ço Çžon Şik, Premýer-ministr Han Son Suk, iri koreý kompaniýalarynyň we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer.

Özbek-koreý aýratyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek we giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda kooperasiýany çuňlaşdyrmak, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyş-çalşy işjeňleşdirmek meselelerine serediler.

Saparyň syýasy we ykdysady gün tertibi bilen bir wagtda, Seulda hem-de ýurduň başga-da birnäçe şäherlerinde Özbegistanyň medeniýet günleri geçiriler.

Özbegistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine hem gatnaşar. Onuň çäklerinde söwda, maýa goýumlary, infrastruktura, sanly transformasiýa, ylym, tehnologiýalar we beýleki köp sanly ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň jemleri boýunça Seul deklarasiýasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Related posts

BDT Başbakanlar Zirvesi, Aşkabat’ta yapıldı

vepa

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

Hytaýyň parlamenti ýurduň täze hökümet düzümini tassyklady

Ata Watan Eserleri