Eýranyň wekili Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Aarkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew žurnalistlere habar berdi.
«Birnäçe gün mundan ozal hemmämiz Bişkekde geçirilen giň gerimli “ŞHG+” sammitiniň şaýady, aramyzdakylaryň käbiri bolsa gatnaşyjysy bolduk. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de pudaklaýyn hyzmatdaşlyk organlarynyň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Şol sebäpli hem şu ýylyň 7-9-njy oktýabry aralygynda Awazada geçiriljek öňde duran mejlise Eýranyň wekili eýýäm çagyryldy» diýip, ol Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinden soň belledi.
Lebedew TASS gullugynyň sowalyna jogap berip, çakylygyň ýokary derejeli eýranly wekile iberilendigini belledi.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi anna güni Aşgabatda geçirildi, indiki mejlis bolsa şu ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada bolar. Çäre Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň habar berşi ýaly, GDA-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Oňa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşar.
