Seul geljek hepdede “Günorta Koreýa — Merkezi Aziýa” ilkinji sammitini kabul eder. Onda sebit ýurtlary bilen möhüm minerallar, energetika serşdeleri we ählumumy üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar diýip, Günorta Koreýanyň Prezidentiniň Diwany habar berdi.
“Yonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ilkinji sammit çarşenbe güni (16-njy sentýabrda) geçiriler. Oňa Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşarlar.
Prezidentiň metbugat katibi Kan Ýu-Jonguň brifingde beren beýanatyna görä, Seul sebit ýurtlarynyň baý möhüm minerallar we energetika serşdeleri ätiýaçlyklaryny Günorta Koreýanyň gözleg hem-de gaýtadan işlemek çygryndaky tejribesi bilen birleşdirip, ählumumy üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bu sammitden peýdalanmagy meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, Günorta Koreýa sebitiň her bir ýurdunyň infrastruktura we senagat enjamlary boýunça aýratyn zerurlyklaryny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Merkezi Aziýadaky işlerini giňeltmäge ýardam bermek isleýär.
Kan Ýu-Jonguň bellemegine görä, sammit Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň ilkinji köptaraply duşuşygy bolar.
Geljekde Günorta Koreýanyň hökümeti häzirki wagtda esasan serşdelere we infrastruktura gönükdirilen Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy emeli aň, ylym we tehnologiýalar, howanyň üýtgemegine garşy göreş we beýleki öňdebaryjy pudaklara giňeltmegi meýilleşdirýär.
Sammitiň geçirilmegi bilen baglylykda, Seul sebit ýurtlary bilen bar bolan hyzmatdaşlyk mehanizminiň derejesini häzirki ministrlik derejesinden döwlet baştutanlarynyň derejesine çykarmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin görnüşini emele getirmek we täze köptaraply özara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek üçin «Seul jarnamasy» hödürlener.
Sapar çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon duşenbe güni (14-nji sentýabrda) Özbegistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Sişenbe güni (15-nji sentýabrda) Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri bilen, soňra (16-njy sentýabrda) bolsa Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.
Çarşenbe günki sammitden soň, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Günorta Koreýa gelen bäş döwlet Baştutany bilen bilelikde işewürlik sammitine gatnaşar. Duşuşyk Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň telekeçileriniň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge ýardam bermelidir diýip, Kan Ýu-Jong habar berdi.
