Şu gün, 12-nji awgustda dünýäniň käbir sebitlerinde seýrek duş gelýän doly Gün tutulmasy bolup geçer. NASA-nyň maglumatyna görä, Aý Günüň öňünden geçip, Ýeriň käbir ýerlerinde Gün şöhlesini doly ýapar.
Doly tutulma zolagy Russiýanyň demirgazyk sebitlerinden, Grenlandiýadan, Islandiýadan we Ispaniýadan geçer. Portugaliýanyň hem örän kiçi bölegi doly tutulma zolagyna düşer. Ýewropanyň köp böleginde, Kanadada, ABŞ-nyň käbir sebitlerinde we Demirgazyk-Günbatar Afrikada bolsa Gün tutulmasy bölekleýin görüner.
Bu waka aýratyn hem Ýewropa üçin taryhy ähmiýete eýedir. Çünki bu 1999-njy ýyldan bäri Ýewropanyň materik böleginde görülýän ilkinji doly Gün tutulmasydyr.
Doly tutulma wagtynda Aý Günüň ýüzüni doly ýapanda, gündiziň ýagtylygy wagtlaýynça ep-esli peseler we Günüň daşky atmosferasy bolan koronany görmek mümkin bolar.
NASA-nyň maglumatyna görä, tutulmanyň merkezi zolagynyň käbir ýerlerinde Günüň doly ýapylmagy 2 minutdan gowrak, emma 2,5 minutdan az dowam eder. Islandiýanyň paýtagty Reýkýawik hem doly Gün tutulmasynyň geçýän zolagynda ýerleşýär we bu ýerde doly tutulma takmynan bir minut dowam eder.
NASA bu tebigy hadysany ylmy taýdan öwrenmek üçin ýokary belentlikde uçýan uçarlary we ylmy şarlary hem ulanmagy meýilleşdirýär. Alymlar Günüň işjeňligini, onuň daşky atmosferasyny hem-de Günüň wagtlaýyn ýapylmagynyň Ýeriň atmosferasyna ýetirýän täsirlerini öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Mundan başga-da, 12–13-nji awgust gijesi Perseid meteor akymynyň iň işjeň döwri bilen gabat gelýär. Şonuň üçin awgust aýynyň ortasy astronomiýa bilen gyzyklanýanlar üçin aýratyn wakalara baý bolar.
Üns beriň: Gün tutulmasynyň bölekleýin tapgyrynda Güne ýörite Gün tutulmasyny synlamak üçin niýetlenen gorag äýnegi bolmazdan göni seretmek göz üçin howpludyr.
