Russiýanyň «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda geçiriljek «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Aşgabada sapar eder.
«Soýuzmultfilmiň» wekilleriniň gatnaşmagy serginiň işjeň maksatnamasynyň bir bölegi bolar: Türkmenistanyň mümkin bolan hyzmatdaşlary, işewürlik, bilim edaralarynyň we degişli guramalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler.
Gün tertibinde — animasiýa we çagalar üçin kontent ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ygtyýarnamalaýyn taslamalary, «Soýuzmultfilmiň» meşhur animasiýa brendlerini Türkmenistanda ilerletmek, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri durar.
Wekiliýetiň sapary türkmen bazarynyň wekilleri bilen göni gepleşikler geçirmäge, tejribe alyşmaga hem-de animasiýa, bilim, çagalar kontenti we kino ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
«Soýuzmultfilm» — häzirki zaman mediaholdingi we Russiýada ýylda 20 sagatdan gowrak animasiýa (seriallar, doly göwrümli we gysga göwrümli filmler) öndürýän iň uly animasiýa studiýasydyr. Önümçilikden başga-da, kompaniýa «Multilandiýa» we «Umka» öz teleýaýlymlaryny, ygtyýarnama agentligini, multimediýa meýdançalarynyň toruny, döwrebap tehnologiýalary we hünär bilimini ösdürýär. Bu günki günde bu ýerde rus animasiýa senagatynyň iň gowy hünärmenleri we liderleri zähmet çekýär. 2026-njy ýylda kinostudiýa döredilen gününden bäri (1936-njy ýylyň 10-njy iýuny) 90 ýyllygyny belleýär.
«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy 2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda, ýagny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriler.
Serginiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» kompaniýasy çykyş edýärler.
