DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ÝB-niň ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebitleýin gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde yzygiderli syýasy gepleşikleriň hem-de konstruktiw özara hymatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar. Daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekoulgamyny saklap galmak ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň wajyplygy aýratyn bellenildi.

Related posts

Türkiýede ýer titredi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Ilçisi Bilen Geçirilen Duşuşyk

vepa

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy saýlandy

Ata Watan Eserleri