BIZNES

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda nebit önümçiliginde elin hyzmatlary berer

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konserniniň guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi.

Resminama laýyklykda, Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýakyndaky Halkara nebit hyzmatlary kompaniýasy bilen degişli şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini ýokarlandyrmak üçin pudaga öňdebaryjy tejribäni giňden çekmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

 

Änewde täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi

Related posts

Balkan welaýatyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar

Ata Watan Eserleri

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

9 million dollardan gowrak awiakerosin eksporta iberilýär