«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow hormatly Prezidentımız Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek bilen utgaşdyrýan ekologiýa syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi.
«Tebigy baýlyklary gorap saklamaga, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşyl ykdysadyýeti we sanly ulgamlary ösdürmäge, ilatyň saglygyny, daşky gurşawy we biologik köpdürlüligi goramaga aýratyn üns berilýär» diýip, ministr nygtady.
Daşky gurşawy goramak edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hazar sebitinde söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary işjeň pugtalandyrýandygyny hem-de Hazaryň ekologik abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.
Ol 2002-nji ýylda Aşgabatda ilkinji Hazar sammitiniň geçirilendigini, 2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji Hazar ekologiýa forumynyň, 2019-njy ýylda ilkinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilendigini, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanda altynjy Hazar sammitiniň geçirilendigini ýatlatdy.
Çykyşda Tähran konwensiýasynyň güýje girmeginiň 20 ýyllygyna aýratyn üns berildi. Ministriň bellemegine görä, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren bu resminama Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm hukuk binýadyna öwrüldi.
Öwezgeldi Goşjanow howanyň üýtgemegi, Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgäp durmagy, şeýle hem sebitiň biologik baýlyklaryny we özboluşly ekoulgamlaryny gorap saklamak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň zerurlygy bilen bagly häzirki zaman meselelerine hem ünsi çekdi.
«Hazar ekologiýa başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Hazarýaka döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň möhüm guralyna öwrüler» diýip, ministr nygtady.
