JEMGYÝET

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmek teklip edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň ähmiýetini belläp, tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi.

Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

äzirki wagtda bu ägirt uly taslamanyň möhüm tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy işledilýär.

Related posts

Çüýşedäki öý satylýar

Ata Watan Eserleri

Garri Potterdäki wakany ýatlamak üçin 1 million haýyr-sahawat

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy