Hindistanly Renu Dhariýal häzirki wagtda ýaşaýan zenanlaryň arasynda iň uzyn saçyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň ajaýyp, goýy gara saçlarynyň uzynlygy haýran galdyrýar — saçynyň uzynlygy 2.69 metre ýetýär.
Renunyň saçynyň uzynlygy aprel aýynda Hindistanyň Uttarakhand ştatynyň Haldwani şäherinde resmi taýdan ölçeldi. Netijede, ol öňki rekordçy — ukrainaly Aliýa Nasirowanyň rekordyny täzelemegi başardy. Aliýanyň saçynyň uzynlygy 2.57 metre ýetýärdi.

Renu saçlara ideg etmek boýunça öz usullaryny işjeň wagyz edýär. Ol blog alyp barýar we öz internet saýtynda zenan okyjylary bilen gözellik hem-de saçlara ideg etmek boýunça maslahatlaryny paýlaşýar. Rekordçynyň aýtmagyna görä, ol 2015-nji ýyldan bäri saçyny maksatly ýagdaýda ösdürip gelýär we şol döwürden bäri ony ýeke gezek hem kesdirmändir.
Muňa ony hindi däp-dessurlary ruhlandyrypdyr. Ýerli medeniýetde uzyn saç gadym döwürlerden bäri gözelligiň we däp-dessurlara eýermegiň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Renu öz interwýularynda şeýle uzyn saçlara ideg etmegiň gündelik uly zähmeti talap edýändigini nygtaýar. Saçyny ýuwmak we seresaplylyk bilen daramak üçin birnäçe sagat wagt gerek bolýar.
Onuň esasy ýörelgesi diňe tebigy serişdeleri ulanmakdan ybarat. Renu himiki kosmetiki serişdeleri düýbünden ulanmaýar. Ol wideolarynda sintetiki goşundylary bolmadyk, öý şertlerinde taýýarlanylýan saç ýaglarynyň we şampunlaryň özboluşly reseptlerini hem görkezýär.
