Halkara döredijilik topary Bakuwda Jeki Çanyň baş keşbi janlandyrýan «Hudaýyň sowudy: Ultimatum» filminiň surata düşüriş işleriniň nobatdaky tapgyryna başlady.
Report neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Kinematografiýa agentligi mälim etdi.
Filmiň wakalarynyň merkezinde «Aziýa laçynynyň» täze missiýasy durýar. Ol 20 million dollardan gowrak sylag bellenen gadymy artefakty — tumary tapmaly bolýar. Filmiň surata düşüriş işleri bir wagtyň özünde birnäçe ýurtda alnyp barylýar.
Taslama dürli ýurtlardan aktýorlary we kino hünärmenlerini birleşdiren halkara topar tarapyndan durmuşa geçirilýär. Filmi öndürmek üçin Gazagystanyň we Hytaýyň kino toparlary ilkinji gezek bilelikde iş alyp barýarlar.
«Ultimatum» meşhur «Hudaýyň sowudy» filmler tapgyrynyň dördünji bölümidir. Baş keşbi meşhur aktýor Jeki Çan ýerine ýetirýär. Ol ýene-de rowaýata öwrülen başdan geçirmeleri gözleýji — «Aziýa laçyny» keşbinde tomaşaçylaryň öňünde peýda bolar.

Baku filmiň çeperçilik konsepsiýasyna laýyklykda surata düşüriş ýeri hökmünde saýlanyldy. Filmiň sýužetine görä, wakalaryň täze bölümi Hazar deňziniň töwereginde bolup geçýär. Şoňa görä-de, surata düşüriş işleriniň bu tapgyry Azerbaýjanda geçirilýär.
Filmiň birnäçe möhüm sahnasy Bakuwyň dürli ýerlerinde surata düşürilýär. Bu tapgyr Jeki Çan üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir — aktýor Azerbaýjanda ilkinji gezek filmde surata düşýär.
Döredijilik toparynyň Azerbaýjana saparynyň we ýurduň çägindäki surata düşüriş işleriniň guralmagyna Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi hem-de Azerbaýjanyň Kinematografiýa agentligi (ARKA) ýardam berýär.
Filmiň önümçilik işlerine dürli kino hünärleri boýunça 100-den gowrak ýerli hünärmen çekildi. «Hudaýyň sowudy: Ultimatum» filminiň surata düşüriş işleri 2026-njy ýylyň güýzüne çenli dowam eder. Filmiň premýerasy 2027-nji ýylda meýilleşdirilýär.
