MEDENIÝET

Ýurdumyzda dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

Şu ýylyň dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralar. Hususan-da, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Öňümizdäki aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bar.

Şeýle hem Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Täze ýyl baýramçylygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hasabat berildi. Bu barada 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär