MEDENIÝET

30-njy aprel – Halkara jaz güni

Indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň aprel aýynyň 30-y Halkara jaz güni hökmünde bellenilýär. Bu saz baýramçylygy dünýäniň dürli künjeklerinde ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär.

2011-nji ýylyň noýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) jazyň bütin dünýäde meşhurlygyny göz öňüne tutup, 30-njy apreli Halkara Jaz güni hökmünde bellemek kararyna geldi.  Şeýlelikde 30-njy aprel Birleşen Milletler Guramasy we ÝUNESKO-nyň resmi senenamasynda Halkara Jaz güni diýlip bellenildi.

Aslynda bu baýramçylyk jaz sazyny söýüjileri köpeltmek, ony dünýä ýaýmak maksady bilen döredildi. Bu baýramçylygyň halkara derejesinde döredilmegi, hakykatdanam jaz sazynyň muşdaklarynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Related posts

“Meniň Watanym” kinofestiwaly: ýeňijiler yglan edildi

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy

Ata Watan Eserleri