MEDENIÝET

Mehmet Bozdag: Türkmenistanda birnäçe filmleri surata düşürmegi maksat edinýäris

Türkiýäniň «Bozdag group» kinokompaniýasynyň başlygy, meşhur kinorežissýor, prodýuser hem senarist Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapary başlandy. Türkiýäniň kino sungatynyň wekiliýetiniň düzüminde Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygynda surata düşürilýän “Kuruluş: Osman” serialynyň baş gahrymanlary Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu ýaly sungat ussatlary hem bar.

– Türkmenistanda birnäçe taryhy filmleri surata düşürmegi maksat edinýäris. “Oguzhan” hem-de “Alparslan” filmlerini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Oguzhan hem-de Alparslan dünýä taryhynda uly yz goýan meşhur taryhy şahsyýetlerdir. Oguzhanyň durmuşy diňe bir tükri halklaryny däl, eýsem tutuş dünýä halklaryny hem gyzyklandyrýar. Oguzhanyň taryhda bitiren işlerini tutuş dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini bellemek isleýärin.

Şeýle hem Anadolunyň gapylaryny giňden açan soltan Alparslan hem meşhur serkerdedir. Biziň iki sany taslamamyz bar. Şol taslamalary Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris. Bu babatda degişli gepleşikleri geçireris – diýip, Mehmet Bozdag Halkara habarlar merkeziniň habarçylary beren beýanatynda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär