Belgiýanyň “Air Belgium” awiakompaniýasy Aziýadan Ýewropa harytlary gatnatmak üçin täze ugry açyp, Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilkinji yzygiderli ýük uçuşyny amala aşyrdy.
“Air Belgium” awiakompaniýasynyň ýerüsti amallar boýunça direktory Matýe Wituk howa menziline goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we köp ýyllyk hyzmatdaşlyga umyt bildirdi.
«Bu biziň Aşgabada ilkinji uçuşymyzdyr. Biz bu mümkinçilige örän şat we Aşgabadyň howa menziline goldawy we myhmanperwerligi üçin sagbolsun aýdýarys. Ýüklerimizi Aziýadan Belgiýa gatnatmakda uly ähmiýete eýe bolan bu hyzmatdaşlygy köp ýyllaryň dowamynda dowam etdireris diýip umyt edýäris», – diýip, metbugat gullugy onuň sözlerini getirýär.
“Air Belgium” – ştab-kwartirasy Mon-Sen-Giberde ýerleşýän, diňe halkara ýük awiagatnawlary boýunça ýöriteleşdirilen Belgiýanyň awiakompaniýasydyr.
