DÜNÝÄ

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny bolýan ýerleri boýunça Onlaýn hasaba alyş ulgamy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalar döwrebaplaşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin “Onlaýn hasaba alyş ulgamy” işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny internet torunyň üsti bilen ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar Gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly daşary ýurt raýatlaryny hasaba goýup bilerler.

Onlaýn hasaba alyş ulgamy wagtyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolandyrmaga we işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgam ýurdumyzda migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrar hem-de gullugyň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde gepleşikler geçirýär

Ata Watan Eserleri

Pars şahyry Hafyz Şirazynyň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary