ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Agajan Babaýew: çöl ylmyna bagyşlanan ömür

Olaryň öý salgysyny şahyr Allaýar Çüriýewden aldym. Entek ol ýaşulyny ýüzbe-ýüz görmändim, ýöne watanymyzyň öňünde bitiren işleriniň üsti bilen gaýybana tanaýardym. Öýlerine barsam bir ýaş gelin:

— Ýaşuly entek dynç alýar. Siz bir salym garaşmaly bolarsyňyz — diýdi. Onsoň olaryň howlusyndaky bassyrmanyň aşagynda iki sagatdan gowrak garaşdym. Ahyry ýaňky gelin gapydan boýnuny uzadyp:

— Öýe giräýiň! — diýdi. Içerik girip eýwandaky diwanda oturdym. Tördäki otaglaryň birinden çalaja tyrk-tyrk ses eşidildi. Az wagtdan tigirçeklije dört aýakly ýörelýänden ýapyşyp gelen ýaşuly:

— Ýörüň, myhman otaga geçäýeliň! — diýdi. Ol ýuwaşja ädimläp ýöräp barşyna:

— Aýaklarymyň ysgyny ýok, ýogsa  agyryp azar berip duranok — diýip ýagdaýyny aýtdy. «Dynç alýa» diýilse, garaşyp otyrkam ýaşuly hakynda başgaça pikir edipdirin. Uly-uly ýolbaşçy wezipelerde işlänsoň, henizem ol kofe, çaý içip dynç alýandyr öýtdüm. Men ony näme üçindir munuň ýaly gojalan keşpde asla göz öňüme getirmedimkäm? Ýogsa onuň tüweleme, ýüz ýaşa golaýlap barýandygyndan habarym bardy ahyry» diýip içimi gepletdim. Sebäbi söhbetdeşlige gaýtmankam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewanyň ýardam bermeginde 1990-njy ýylda Agajan Babaýewiň 60 ýaşy mynasybetli halypa Almaz Ýazberdiýewiň taýýarlamagynda «Ylym» neşirýatynda çap bolan bibliografiýa görkezijisi, 1994-nji ýylda Aşgabatda çap bolan «Muhammet Al-Horezmi» atly, 2012-nji ýylda «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan çap bolan «Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri» atly kitaplary bilen gysgajyk tanyşdym. Onuň ömri we döredijiligi barada türkmen hem rus dillerinde giňişleýin beýan edilen şol bibliografiýa görkezijide Agajan Geldiýewiç Babaýew 1929-njy ýylyň 10-njy maýynda Mary şäherinde gullukçy maşgalada doglan. Ol 1945-nji ýylda Murgap raýonyndaky 18-nji orta mekdebi tamamlaýar. 1945-1949-njy ýyllar aralygynda Aşgabat pedagogik institutynda okaýar. 1949-1952-nji ýyllarda A. M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty — diýlip ýazylypdyr.

Agajan aga haýallyk bilen diwanda ornaşansoň, saglyk-amanlyk soraşdyk. Özümi tanyşdyrdym. Näme maksat bilen barandygymy aýdyp:

— Ýaşuly jan, bimaza edip geläýdim welin bagyşlarsyňyz! Siz barada makala ýazmak pikirim bar. Başardygymdan arhiw maglumatlary öwrenibem ýazardym, ýöne okyjylarym: «Agajan Geldiýewiç halkymyzyň öňünde ägirt işleri bitirdi. Şükür özi aramyzda ýaşap ýör. Naýynsaplyk etmän onuň gapysyndan bir barmaly eken. Iň bolmanda hal-ýagdaýyny sorap gaýtmaly ahyry» diýerler. Sebäbi siz türkmeniň meşhur şahsyýetleriniň biri. Şonuň üçin özüňiz bilen söhbetdeş bolman ýazmagy göwnelaýyk görmedim — diýip pikirimi aýtdym. Ol çalaja ýylgyryp:

— Sowalyňyz bolsa aýdyberiň! — diýdi. Ilki bilen oňa:

— Internet sahypasynda dünýä belli alym, Magtymgulyşynas watandaşymyz Ýusup Azmunyň: «Bu kitaby beýik türkmen alymy, fizika-geograf, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi (1975-nji ýyldan), Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti (1975-1986 we 1989-1993-nji ýyllarda), SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy (1976-njy ýyldan), Russiýa Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy (1993-nji ýyldan), Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Çöller» institutynyň direktory (1959-1999-njy ýyllarda), 400-den gowrak ylmy işleriň, şol sanda dünýä çöllerini we arid topraklary öwrenmek hem özleşdirmek boýunça 17 monografiýanyň awtory, «Dünýä çölleri» atly ylmy kitaby rus we nemes dillerinde çykarylan (1986), «Çöllükleri özleşdirmek problemalary» kitaby BMG-niň Halkara Tebigaty Goramak (UNEP) guramasy tarapyndan iňlis dilinde neşir edilip, bütin dünýäde ýaýradylan (1996), SSSR-iň N.I. Wawilow adyndaky ylmy baýragynyň (1976), SSSR-iň Döwlet baýragynyň (1981), Germaniýanyň A.P. Karpinskiý baýragynyň (1991), ABŞ-nyň halkara Gerald Pil baýragynyň (1993) laureaty, Türkmenistanyň Ylymda we tehnikada at gazanan işgäri (1979), Türkmenistanyň Al-Horezmi adyndaky halkara baýragy boýunça Komitetiniň başlygy (1992-nji ýyldan) Agajan Geldiýewiç Babaýewe bagyşlamagy özüme uly bagt hasaplaýaryn» diýen ýazgysyna gabat geldim. Ýusup aganyň özi dünýä meşhur şahsyýet. Onuň size şeýle uly baha bermeginiň sebäbi näme? — diýip sowal berdim.

— Bilmedim. Ýöne onuň bilen häli-häzirem jaňlaşyp durus. Ol meni ýadyndan çykarman jaň aýlap durýar. 1992-nji ýylda Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşigi döredildi. Men şol guramanyň birinji orunbasary boldum, Ýusup Azmun ikinji orunbasary boldy. Şonda ol biziň öýmüze iki gezek myhman boldy. Garaz, biz gowy gatnaşykda bolduk. Men onuň bilen häzirem didarlaşyp oturasym gelýär, ýöne ýaşym ýüze golaýlady. Bu ýagdaýda hiç ýere gidip bilemok — diýip ýagdaýyny aýtdy. Onsoň onuň maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandym.

— Özüm-ä dört doganyň biri. Biz bir aýal dogan üç erkek dogan. Uly gyz doganymyz ir wagt durmuşa çykyp, ol hiç ýerde okuwyny dowam etdirmedi,  ýöne ilki men soňra inilerim Orazdyr Muhammet ylma baş goşduk. Inilerimiň ikisem alym bolup ýetişdiler. Öz maşgalamda alty gyzym, iki oglum bar. Iki gyzym Moskwada ýaşaýar. Çagalarymdan bolanlaryň sanyny bilemok, tüweleme hersinden ogul-gyz bar. Bir gyzym Tylla öz ugrumdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kafedra müdiri, talyplara bilim berýär. Çagalarymyň hemmesi ýokary bilimli, öz saýlan ugurlaryndan işläp ýörler — diýip gürrüň berdi.

  • Agajan aga, gelnejemizem ylmy işgärmidi? — diýip soradym.

— Ýok, ol hiç ýerde işlemedi. Kakam öz döwründe raýkomyň birinji sekretarydy. Maşgalamyň kakasy kolhoz başlygy bolan. Onsoň kakam olaryň öýlerine iş bilen baranda on bäş-on alty ýaşlaryndaky ýaş gyz öňlerinde çaý-suw goýup hyzmat edipdir. Şonda kakamyň oňa göwni ýetip: «Oglum, söz aýdyp şol gyza sawçylyga barjak. Sen şoňa öýlen. Ejeňe kömekçi gerek» diýdi. Menem o mahallar talyp. Şeýlelik bilen üçünji kursdakam gelnejeňizi alyp berdiler. Gelnim obada ejeme-kakama seredýärdi. Menem paýtagtda okap ýörün. Talyp döwrümizde-de 1948-nji ýylyň ýer yranmasyna duçar bolduk. Umumy ýaşaýyş jaýymyzyň bir diwary  ýykylyp, biz ikinji gatdan böküp düşdük — diýenden, ol barada bibliografiýa görkezijide ýazylan bir ýatlama ýadyma düşdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenowyň 1987-nji ýylda Moskwanyň «Mysl» neşirýatynda çap bolan «Ýaz demirgazykdan geldi» atly kitabyndan käbir maglumatlar berlipdir. «Agajan Babaýewiň kakasy Geldi Babaýewi obadaşlary respublikanyň Ýokary Sowetine deputat saýlaýarlar, ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan soň hem arman-ýadaman täze durmuşy gurmagy dowam etdirýär, sebäbi Watanyň bähbidi üçin gündelik edilýän aladany Geldi aga ömür boýy özüniň ykbaly hem borjy hasap edýärdi. Şular ýaly göreldeli kakasy bolan çagalar hakyky adamlar bolup ýetişdiler. Türkmenler: «Ata-eneler — iň gowy göreldedir» diýip ýöne ýere aýtmaýarlar…» diýip, onuň  ilki bilen kakasyndan görelde alandygy düşündirilýär. Şeýle hem Rahym aga şol pajygaly ýer yranma barada: «Bütin fakultetiň studentlerinden 35 sanysy diri galýar. Şolaryň hem birnäçesi ýaralydy… Olar janyna howp abansa-da, töwekgellik bilen ýumrulan jaýlaryň aşagyndaky adamlary çykarýardylar, özleriniň şeflik edýän çagalar bagynyň we mekdebiniň gurluşygyna gitmäge özleri isleg bildirýärdiler, mähriban institutyny hem ýadyndan çykarmaýardylar» diýip ýazypdyr. Ine, şu ýagdaýlarda özüni okuwda hem ýaşlar guramasynyň işine, Aşgabat şäheriniň gurluşygyna işjeň gatnaşandygy üçin 1949-njy ýylda Agajan Babaýew häzirki Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat haty bilen sylaglanýar.

Agajan aganyň durmuş hem döredijilik ýoly hakynda ýazylan kitaplar az däl. Şol kitaplaryň ýene biri Wladimir Rybiniň 1976-njy ýylda Moskwanyň «Mysl» neşirýatynda çap bolan «Salgymlar ýurduna syýahat» atly ylmy-populýar kitaby. Bu kitapda awtor Agajan aganyň çagalyk ýyllarynyň ýeňil geçmändiginden söz açyp, aýakýalaňaç, botinka diýen zat onuň üçin ýetilip bilinmeýän baýlyk bolandygyny ýazýar. Şeýle hem: «…Günlerde bir gün Agajanyň kakasy Geldi aga oglunyň elinden tutup, ony şäher rus mekdebine äkitdi. Bireýýäm bäşinji klasda okaýandygyna guwanyp ýören, emma welin rus dilini düýbünden bilmeýän Agajan rus mekdebiniň üçünji klasyna geçmeli bolýar. Şonda ol kakasyndan birbada gaty görýär. Emma birnäçe ýyl geçensoň, kakasynyň dogry hereket edendigine düşünýär. Sebäbi ol özüniň deň-duşlarynyň yzyndan ýetmegi başardy…» diýip gürrüň berýär.

Bibliografiýa görkezijide hemme zat ýerbe-ýer, düşnükli ýazylypdyr. Şonuň üçin Agajan agany köp ýadadyp durman derrew turmak bilen bolduk. Ýöne az pursatlyk gürrüňdeşlikde-de ol başga-da käbir zatlary aýdyp berdi. Tüweleme, ýatkeşligi gowy. Men oňa:

— Agajan aga, howlyňyzyň derwezesinden girenimde, tebigata bolan uly söýginiň keşbini gördüm, ýöne nädip düşündirjegimi bilemok — diýdim welin, ol:

— Öň Aşgabadyň Gurbandurdy köçesinde agaçdan gurlan jaýymyz bardy. Häzir ol jaýymyzda oglumyz ýaşaýar. Çöller boýunça bitiren işim üçin Amerikanyň hem Germaniýanyň uly möçberdäki pul baýragy bilen sylaglandym. Şol sylag berlen pula 1997-nji ýylda şu ýaşap oturan jaýymyzy gurduk. Bir pursat ýadyma düşýär. Şonda halkara baýraga mynasyp bolanymda baýrak berýän toparyň başlygy Týopper: «Biz şol baýragy gowşuranymyzda Bethoweniň dördünji simfoniýasynyň ýaňlanyp duran pursadynda gowşurjak. Eger türkmen sazandalary şol simfoniýany çalyp başarmasalar, onda öz sazandalarymyzy ýanymyz bilen alyp barjak» diýip habar ýollaýar. Onsoň men ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewe haýyş edip, söwer dosty Çary Nurymowa ýüz tutduk. Çary Nurymow bu haýyşymyzy bitirdi. Türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde Bethoweniň dördünji simfoniýasynyň ses ýazgysyny taýýarlap iberdik. Týopper ýazgyny diňläp: «Türkmen sazandalary biziň öz sazandalarymyzdanam gowy ýerine ýetiripdir» diýip baha berýär. Şeýlelik bilen olar ýurdumyza gelip öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda uly dabara bilen maňa baýrak gowşurdylar» diýip ýatlady.

Öýe gelemsoň, bibliografiýa görkezijini gaýtadan okadym hem-de käbir parçalary göçürip aldym:

«Ylmy işgärlere, ýokary okuw jaýlarynda çölleri öwrenmegiň we özleşdirmegiň ýollary barada iş alyp barýan mugallymlara, talyplara, aspirantlara, kitaphana we bibliografiýa işgärlerine hem-de ylmyň taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bibliografiýa Agajan Babaýewiň durmuşynyň we döredijiliginiň esasy seneleri, gysgaça biografik oçerki, alymyň ylmy-döredijilik işleri baradaky edebiýatlar, ýazan ylmy işleriniň, synlarynyň, redaktirlän işleriniň hronologik görkezijisi, alymyň ylmy ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen dissertasiýalaryň awtoreferatlarynyň sanawy ýaly bölümleri öz içine alýar. Alymyň redaktirlän işleriniň sanynyň beýleki goýberişler bilen deňeşdirilende köpdügi nazarda tutulyp, «A.G. Babaýewiň redaktirlän işleri» diýen bölümde hem materiallar hronologik tertipde ýerleşdirildi».

Agajan aga işlän döwründe daşary ýurtlaryň ençemesinde iş saparlarda bolýar. Diňe şol bibliografiýa görkezijidäki aýdylýan maglumatlary göz öňünde tutanyňda-da,  ol 1990-njy ýyla çenli hem iş saparlary bilen ençeme ýurtlara aýlanypdyr. Ynha, ol barada kitapdan alnan maglumatlar: Ýagny, 1965-nji ýylda «Bilim» jemgyýetiniň ýörite syýahatçylar toparynyň düzüminde Rumyniýada, 1971-nji ýylda Çehoslowakiýada, 1969-njy ýylda ýene şol jemgyýetiň ýörite toparynyň düzüminde Hindistanda we Nepalda şeýle hem şol ýyl  Sowet alymlarynyň delegasiýasynyň agzasy hökmünde çöl resurslaryny kompleksleýin öwrenmek  we rasional peýdalanmak boýunça halkara konferensiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-da,  1972-nji ýylda  XIX-XX asyrlarda Merkezi Aziýa  ýurtlarynyň sosial we medeni ösüşi boýunça geçirilen Halkara konferensiýasyna gatnaşýar we doklad bilen çykyş edýär. 1975-nji ýylda Sowet hökümet delegasiýasynyň düzüminde Ýaponiýada we Fransiýada, şeýle hem şol ýylda SSSR Daşary söwda ministrliginiň liniýasy boýunça arap ýurtlarynyň gatnaşmagynda Moskwada geçirilen konferensiýa gatnaşýar we onda «Dünýäniň çöllerini özleşdirmegiň problemalary we SSSR-de olaryň görnüşi» diýen we şol ýylda ýene  SSSR Ministrler Sowetiniň ylym we tehnika  baradaky Döwlet komitetinde «Çöl biogesenozlary goramak we täzeden dikeltmek» diýen dokladlar bilen çykyş edýär. 1975-nji ýylda SSSR hökümetiniň delegasiýasynyň düzüminde Alžir halk Demokratik Respublikasynda-da iş saparda bolýar. 1976-njy ýylda Hindistanda iş saparda bolup  BMG-niň çölleşmek problemalary boýunça regional taýýarlyk maslahatyna sowet delegasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde gatnaşýar we şol ýyl Moskwada geçirilen XXIII halkara geografik kongresiň işine gatnaşýar. Şeýle hem 1976-njy ýylda  ESKATO girýän ýurtlaryň çölleriniň problemalary boýunça regional konferensiýa gatnaşyp  Hindistanyň Deli şäherinde, 1977-nji ýylda Çölleşmek proseslerine garşy göreş problemalary boýunça BMG-niň I halkara konferensiýasynyň işine gatnaşyp Naýrobide, Keniýada iş saparda bolýar. 1978-nji ýylda 65-nji Bütinhindistan ylmy kongresine gatnaşýar we «Çölleri özleşdirmegiň problemalary we olaryň SSSR-de çözlüşi» diýen doklad bilen çykyş edýär we şol ýyl Hindistanda SOPS-yň öndüriji güýçleri ýerleşdirmek boýunça Orta Aziýa Komissiýasynyň konferensiýasyna gatnaşýar hem «SSSR-iň çöllerini özleşdirmek tebigaty goramagyň meseleleri» diýen doklad bilen çykyş edýär. 1978-nji ýylda ýene MSOP-yň XII Baş Assambleýasyna gatnaşýar we  «Antropogen faktorlar we çölleriň ekologiýasy» diýen doklad bilen çykyş edýär. 1979-njy ýylda  Belgiýada Halkara konferensiýasyna gatnaşýar we «Tebigaty goramagyň problemalaryny çözmekde SSSR-iň goşandy» diýen doklad bilen çykyş edýär. 1980-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen  XXIV Halkara geografik kongresiniň işine gatnaşýar. 1981-nji ýylda  Hindistanda iş saparda bolup ESKATO-nyň çölleşmäge garşy göreş problemalary boýunça işine gatnaşyp doklad bilen çykyş edýär. 1981-nji ýylda «Çölleşmäge garşy kompleksleýin ösüş ýoly bilen göreşmek» temasy boýunça Halkara simpoziumyna-da doklad bilen gatnaşýar. 1984-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen XXV Halkara geografik kongresiň işine gatnaşyp onda «Antropogen faktorlaryň täsiri netijesinde çöl dinamikasyna prognoz bermek» diýen doklad bilen çykyş edýär. 1987-nji ýylda Çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreş barada BMG-niň eksperimentleriniň maslahatyna gatnaşýar we «Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça hereketleriň planyny amala aşyrmaga SSSR-iň goşandy» diýen doklad bilen çykyş edýär.

Ýurdumyz boýunça-da, halkara derejesinde-de uly ähmiýeti bolan şeýle ägirt işleri bitirendigi üçin Agajan Babaýew ençeme döwlet sylaglary we hormatly atlar bilen sylaglanýar. Ol 1953-nji ýylda «Daşhowuz oblastynyň oazis içindäki çägeleri, olary berkitmek we tokaýlaşdyrmak» diýen temadan geografiýa ylymlarynyň kandidaty, 1968-nji ýylda  «Türkmenistanyň oazis çölleri we  olary hojalyk taýdan özleşdirmek» diýen temadan geografiýa ylymlarynyň doktory, 1969-njy ýylda  professor diýen ylmy atlara mynasyp bolýar. 1954-nji ýylda SSKP-niň agzalygyna kabul edilýär. 1955-nji ýylda Dosent diýen ylmy at berilýär. Ol 1971-nji ýylda  Akademik S.I. Wawilow adyndaky Bütinsoýuz «Bilim» jemgyýetiniň ýubileý medaly bilen, 1965-nji hem-de  1971-nji, 1972-nji ýyllarda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hormat hatlary bilen, 1969-njy ýylda «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen, 1970-nji ýylda  Leniniň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Edermenlikli zähmeti üçin» atly medal, 1976-njy ýylda  «Hormat nyşany» ordeni bilen sylaglanýar. 1981-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty bolýar. 1975-nji ýylda Türkmenistan SSR ýokary sowetiniň deputatlygyna,  1979-njy hem-de 1989-njy ýyllarda  SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna, 1965-nji ýylda Türkmenistan YA-nyň habarçy agzalygyna  saýlanýar. Oňa 1979-njy ýylda «Türkmenistan SSR-niň Ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakylýar. 1987-nji ýylda «Ýadygärlik nyşany» bilen sylaglanýar we ÝUNEP-iň Hormat kitabyna ýazylýar — diýlip, bibliografiýa görkezijide maglumat berilýär. Şonuň üçin görkezijiniň çap bolan wagtyndan soňra  Agajan aganyň zähmet ýoly bilen bagly käbir sowallar gyzyklandyrdy. Şol sebäpli söhbetdeşlikde Agajan aga başga-da käbir sowallar bilen ýüzlendik. Ol elli töweregi adama ylym ýolbaşçy bolup, olaryň on töwereginiň doktorlyk, galanlarynyň kandidatlyk ylmy derejelere eýe bolandygyny aýtdy. Olaryň arasynda Eýrandan, Arabystandan, Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan biziň ýurdumyzda aspiranturada okap, ylymlaryň doktory, kandidaty bolanlaryň hem bardygyny gürrüň berdi.  Ýaşuly alym dürli wezipelerde işländigini ýatlady, ýöne onuň ýaşynyň ululygy üçin «ýalňyşmagy mümkin» diýen pikir bilen ýazuw çeşmelere salgylandyk. 1959-njy ýylda  TSSR YA-nyň topragy öwreniş we çägeleri özleşdirmek institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, 1960-njy ýylda-da institutyň direktory bolýar. Ol 1962-1975-nji ýyllarda TSSR YA-nyň Çöller institutynyň direktory bolýar. 1965-nji ýyldan Türkmenistan geografiýa jemgyýetiniň prezidenti, 1967-nji ýylda «Orta Aziýanyň Gazagystanyň çöllük territoriýalaryny kompleksleýin öwrenmek we özleşdirmek» problemasy boýunça Ylmy Sowetiniň başlygynyň orunbasary bolup, 1968-nji ýyldan «Çölleri özleşdirmegiň problemalary» atly Bütinsoýuz žurnalynyň baş redaktory, 1970-1987-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan SSR «Bilim» jemgyýetiniň prawleniýesiniň başlygy bolýar. 1975-nji ýyldan Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni aragatnaşyklar baradaky Sowet Jemgyýetiniň Türkmenistan bölüminiň prawleniýesiniň agzasy, ýene şol ýyldan TSSR Halk magaryf ministrliginiň ylmy metodik sowetiniň agzasy hem-de TSSR tebigaty goramak jemgyýetiniň prezidiumynyň çleni, SSSR-iň çölleri baradaky ylmy sowetiniň başlygynyň orunbasary, SSSR-iň ylym we tehnika baradaky Döwlet komitetiniň «Tebigy resurslary rasional peýdalanmak» ylmy tehniki sowetiniň çleni, 1975-1986-njy ýyllarda TSSR YA-nyň prezidenti, 1976-njy ýylda Okeanologiýa atmosferanyň fizikasy we geografiýa bölümi boýunça SSSR YA-nyň habarçy çlenligine saýlanýar. 1976-njy ýyldan «Mysl» neşirýatynyň geografiýa ylymlary boýunça birnäçe ýyl redkollegiýanyň çleni, şol ýyldan TSSR ylym we tehnika boýunça Döwlet baýraklary baradaky komitetiniň başlygy bolýar. 1977-nji ýyldan SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Ýokary attestasiýa komissiýasynyň çleni, şeýle hem şol ýyldan başlap birnäçe ýyl TSSR YA-nyň Çöller institutynyň ylymlaryň kandidatynyň alymlyk derejesini bermek baradaky ýöriteleşdirilen sowetiniň başlygy bolýar. 1980-nji ýyldan «Geografiýa we tebigy resurslar» žurnalynyň redkollegiýa çleni, 1976-njy ýyldan Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň çleni bolýar. 1982-nji ýyldan «Gurak ekosistemalary goramak» diýen Sowet Amerikan programmasynyň Sowet böleginiň ýolbaşçysy, 1982-nji ýyldan SSSR-iň ÝUNEP-iň işleri boýunça komissiýanyň çleni,1983-nji ýyldan Çöllük problemalary boýunça ÝUNEP-GKNT-iň halkara okuw kurslrynyň ylmy ýolbaşçysy bolýar. 1983-nji ýyldan Halkara geografik Soýuzynyň Çöller boýunça işçi toparynyň çleni, Aşgabat. 1987-nji ýyldan TSSR-iň sersaglyk ugrunda meýletin göreş jemgyýetiniň prawleniýesiniň başlygy, 1988-nji ýyldan Sowet-Hytaý dostlugynyň türkmen bölüminiň başlygy hem-de şol ýyldan SSSR-iň Lenin we Döwlet baýraklary boýunça komitetiniň seksiýasynyň çleni bolýar. 1989-njy ýyldan TSSR YA-nyň prezidenti wezipesinde işleýär. Onuň terjimehaly bilen tanşanymyzda ilki bada ol mekdep mugallymlarynyň maslahaty bilen Aşgabat pedagogik institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Emma soňra onuň bilesigelijiligi, tebigatyň syrlaryny bilmäge ymtylyşy we tebigy ylymlara höwesi geografiýa fakultetine okuwa girmegine sebäp bolýar.

Geljekki ykbalyna we ylym ýoluny seçip almagyna belli çöl öwreniji professor M.P. Petrowyň ekspedisiýasyna gatnaşmagy has-da täsir edýär. Bu barada žurnalist Kakaly Berdiýew Moskwanyň «Söwetskiý pisatel» neşirýatynda 1988-nji ýylda çap bolan «Ýollar-ýodalar» atly kitabynda şeýle ýatlaýar: «..Emma ýaşlyk ýyllaryndan başlap onda ýene bir arzuw bardy — heniz barlanmadyk daglara we çöllere syýahat etmek isleýärdi. Ol islegi ony Aşgabat institutynyň geografiýa fakultetine getirdi.

Ikinji kursda Agajanyň arzuwy ilkinji gezek hasyl boldy. Ol Garaguma guralan syýahata gatnaşdy. Mihail Platonowiç Petrowyň  ýolbaşçylygyndaky  ekspedisiýada ol iň bilesigeliji we ukyply student hasaplanýardy». Ýaş gözlegçi Babaýew özünden uly kärdeş alymlardan esasanam öz mugallymy we halypasy M.P. Petrowdan çölleriň tebigy resurslaryny aýawly peýdalanmagyň usullaryny işläp düzmek üçin ylma jany-teni bilen wepalylygy, çölüň tebigatyna çäksiz söýgini we bu ugurdaky kanunalaýyklygy öwrenmäge bolan egsilmez hyjuwy özüne kabul edýär.

Agajan aganyň «Daşhowuz oblastynyň oazis içindäki çägeleri, olaryň berkidilişi we tokaýlaşdyrylyşy» atly ilkinji kitaby 1956-njy ýylda çap bolýar.

Ol 1959-njy ýyla çenli ýeňil bolmadyk mugallymçylyk işine garamazdan, Garagumuň tebigatyny öwrenmek üçin guralan ylmy ekspedisiýalara gatnaşýar. Şol ýyllarda ýagny, 1950-1959-njy ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym, dosent, we gografiýa kafedrasynyň müdiri bolup işleýär.

Ol Lenin adyndaky Türkmen döwlet pedagogik institutynda leksiýa okaýar. Onuň gyzykly leksiýalaryny diňlän studentler şeýle ýatlaýar: «Birbada biz studentlere geografiýa sapaklarynyň içinde çöli öwreniş ylmynyň peýda bolmagy geňdi we düşnüksizdi. Sebäbi çöli az ähmiýetli, öwrenerden juda garyp diýen ýaly hasap edýärdik. Emma soňundan biz dura-bara täze ylma hormat goýup başladyk, çünki Agajan tutuş auditoriýany ele almaga örän ukyply bolup, leksion hem praktiki okuwlarynda talyplaryň ünsüni özüne çekmegi, iň çylşyrymly ýagdaýlary ýönekeý we aňsat özleşdirer ýaly edip düşündirmegi başarýardy».

Ylmy-barlag işleriniň netijesi esasynda Babaýew SSSR-de we daşary ýurtlarda 250-den gowrak monografiýalary, broşýuralary we makalalary çap etdi.

Babaýewiň 1960-njy ýyllarda ýazan ylmy işlerinde çäge syramagyna garşy göreş usullary, süýşýän çägeleri berkitmegiň we çägeli çöllükleriň ulanylyşyny kämilleşdirmegiň meselelerine seredilýär. 1963-nji ýylda onuň «Garagum çöli» diýen kitaby çap edilýär. Onda çölüň gelip çykyşy, tebigy şertleri, baýlyklary, Garagumuň tebigatyny we hojalygyny özgertmegiň perspektiwalary beýan edilýär. Bu işde Türkmenistanyň tarp we boz ýerleriniň özleşdirilişiniň häzirki ýagdaýyna degişli mysallar getirilýär. Şeýle hem suwarymly ekerançylyk, şol sanda oazis içindäki we golaýyndaky çägeleri özleşdirmegi mundan beýläk ösdürmek boýunça Orta Aziýanyň ylmy edaralarynyň tejribeleri jemlenýär. Işde suwarymsyz ekerançylygyň we öri meýdanlarynyň önümçiligini artdyrmagyň netijeleri hem berilýär. Babaýew Türkmenistanyň Murgap, Tejen, Aşaky Amyderýa, ortaky Amyderýa, Köpetdag etegi oazisleriniň we Garagum kanalynyň ugrundaky çägeleriň tipleriniň kartasyny düzdi.

1975-nji ýylda Respublikanyň tebygy şertleriniň özboluşlylygyny — territoriýasynyň 80 prosentinden gowragyny çöller tutýandygyny we olaryň halk hojalygynda ägirt uly ähmiýetini göz öňünde tutsaň, Babaýewiň prezidentlik wezipesine saýlanmagy wagtynda hem-de maksada laýyk edilen işdir.

Ol Çöller institutynyň laboratoriýalarynda işlenilýän temalaryň köpüsiniň ylmy ýolbaşçysy boldy. Respublikanyň ylmy edaralarynda biri-birini gaýtalaýan temalary ýok etmek üçin ähli mümkin bolan çäreleri durmuşa geçirdi. Arhiw maglumatlaryny öwrenýärkäk adamkärçiligi, häsiýet aýratynlygy babatda şeýle ýazgylara gabat geldik: «Agajan Babaýew ylmy barlag institutlaryna, laboratoriýalara, stasionarlara ýada ekspedisiýanyň düşlän goşuna baran wagty ol gulluk wezipesine garamazdan hemme kişä deň üns berýär.  Şonuň bilen bir hatarda onuň ýönekeýligi hem mähirliligi ýowuz talap edijilik we kimdigine seretmezden, obýektiw baha bermek ukyby bilen utgaşýar. Adamlar bilen gürleşende ruhlandyrmak, degerli wagty kemçilikleri ýüze çykarmak başarnygy, söhbetdeşi bilen öz işine kesesinden we tankydy äheňde baha berip biler ýaly gürleşmegi, onuň bilen duşuşyp durmagy küýsedýär. Biziň respublikamyzda SSSR YA-nyň filialynda 1943-1950-nji ýyllarda işlän akademik A.W. Sidorenkonyň çagyryşy boýunça Türkmenistana gelen RSFSR-iň halk hudožnikleri M.L. Plahowyň, B.W. Alekseýewiň Aşgabat «Türkmenistan» neşirýatynda 1986-njy ýylda çap bolan «Gudratyň döredilişi» atly kitabynda ýubilýaryň adamkärçilik häsiýetleri hakynda: «Akademiýanyň Prezidenti Babaýew bilen men 1962-nji ýylda, heniz ylymlaryň kandidaty wagtynda tanşypdym. Ol häzirem öňküsi ýaly ýönekeý, gürleşmäge mylaýym, mümkinçiligi bolsa kömek etmekden hiç kime boýun gaçyrmaýar. Onuň bilen işlemek aňsat hem kyn. Aňsatlygy inisiatiwa bildirilen wagty oňa päsgel bermeýär, kyndygy bolsa adamlara baha berende , esasanam olaryň iş başarjaňlygyndan başga zady göz öňünde tutmaýar…» diýlip baha berilýär.

Babaýew ylmy halk arasynda düşnükli dilde aktiw ýaýradyjydyr. Ol ylmy-populýar neşirleriň uly tapgyrynyň, şol sanda «Sowet Türkmenistany», «Türkmenistan», «Sowet Soýuzy» diýen 22 tomluk tapgyrdan) «Aşgabat», «SSSR-de çölleriň özgerdilişi»,«Janly çöl», «Çöl edil bolşy ýaly» we başga-da kitaplaryň awtorydyr.1968-nji ýylda N.N. Drozdow, I.S. Zoni, Z.G. Freýkin bilen bilelikde «Çöller» diýen monografiýany ýazýar. Ösüp barýan ýaş nesilleri geografiýa bilimlerini okatmagyň hilini gowulandyrmaga goşant goşmagy öz borjy hasaplaýar. Ol özüniň ýokary okuw jaýlary üçin geografiýa boýunça taýynlan irki okuw gollanmalaryny 1958-nji we 1962-nji ýyllarda çap edýär. Ol 8-nji klaslar üçin taýýarlan «Türkmenistan SSR-niň geografiýasy» diýen okuw kitabynyň jogapkär redaktory we awtorlarynyň biridir. Bu kitap eýýäm 20 gezek neşir edilen kämil okuw kitaby hasaplanýar. Bu ýazylan synlarda ol geçirilen işleriň netijesine ýerlikli baha berýär we geografiýa ylmynyň geljegi bolan ugurlaryny kesgitleýär. Ol çöli öwreniş ylmynyň aýry-aýry meselelerine bagyşlanan 100-e golaý monografiýany we ýygyndylary redaktirledi.

Agajan aganyň ylmy döredijiligi hakynda öwrendigiňçe, öwrenmeli zatlaryň has kän. Olar hakynda bir makalanyň çäginde beýan etmek asla mümkin däl. Şonuň üçin başardygymyzdan azda-kände okyjylara ýetirdik. Esasy bir zada begendim. Şeýle uly işler bitiren şahsyýet bilen ýüzbe-ýüz didarlaşdyk. Jany sag, ömri uzak, maşgala ojagynyň abat bolmagyny arzuwlaýarys.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Amangylyç Hapykow:«Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler…»

Ata Watan Eserleri

Ýagşymyrat Hojagulyýew: unudylmajak halypa

Ata Watan Eserleri

Durdygylyç Mülliýew: edebiýatyň basyrylgy hazynasy

Ata Watan Eserleri

Sapargeldi Annasähedow: «Müň bir gijäniň» goşgularynyň terjimeçisi

Ata Watan Eserleri

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri