JEMGYÝET

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2026-njy ýylda welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady.

Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 13-nji iýul — 24-nji awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny şolaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli Döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu topara kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Related posts

Ronaldo: «Aktýor bolmak islegim bar»

vepa

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ata Watan Eserleri