JEMGYÝET

Ronaldo: «Aktýor bolmak islegim bar»

Şu ýylyň 5-nji fewralynda 35 ýaşyny doldurjak portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldo futboly taşlandan soňra näme bilen meşgullanjakdygy barada aýtdy.

«Karýeramy tamamlap, ilkinji nobatda okuwymy dowam etdirmegi isleýärin. Ýöne ömrüm, geljegim bilen bagly käbir sowallara häzir hem jogap tapyp bilemok. Munuň iň gowy ýoly okamak, öwrenmek diýip pikir edýärin.

Uly niýetlerimiň ýene-de biri özümi aktýorlykda synap görmek. Belki geljekde käbir filmlerde keşpleri ýerine ýetirip bilerin ― diýip, «Ýuwentusyň» hüjümçisi «Football Italia» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ronaldunyň «Ýuwentus» bilen şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar. Şol wagt ol 37 ýaşynda bolar. Ol Italiýanyň Seria A-synyň şu möwsüminde 14 duşuşyk geçirip, şolarda 10 gezek tapawutlandy.

Related posts

Dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy aradan çykdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistan ilk ve merhum Cumhurbaşkanı’na madalya

vepa

Türkmenistanyň kömegi bilen 4000 töweregi adam Eýrandan öz Watanyna gaýdyp bardy