JEMGYÝET

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Gurbangeldi Garlyýew, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Berdimyrat Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Berdimyrat Amanow mundan ozal, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Related posts

Ilkinji türkmen Magtymgulyşynasy

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk haty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri