JEMGYÝET

Lebap welaýatyna täze häkim bellenildi

Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Meýmanowiç Genjiýew wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, ony Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Related posts

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Russiýada saparda bolýarlar

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

vepa

İran Cumhurbaşkanı, Türkmenistan’ı ziyaret edecek

vepa