JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew gatnaşdy.

Duşuşykda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy.

Bu duşuşygyň çäklerinde Özbek Liderini Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak çäresi boldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýokary derejeli döwlet sylagy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň çuňňur hoşallygyny bildirdi.

– Bu sylagy Özbegistana we onuň köp milletli halkyna aýratyn ünsüň we hormatyň nyşany, Merkezi Aziýa sebitinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalarymyzyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýärin – diýip, Özbegistanyň Prezidenti nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady