Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada Mikail Jabbarow özüniň “X” sosial torundaky hasabynda mälim etdi.
Onuň bellemegine görä, duşuşykda işewür hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Iki döwletiň Baştutanlaryny baglanyşdyrýan dostluk we doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyran sapary ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi.
Şeýle hem işewür hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek hem-de sebitdäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdyk” diýip, ministr belledi.
Azerbaýjanyň wekiliýeti iki ýurduň Bilelikdäki hökümetara toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen iş sapary bilen Türkmenistanda bolýar.
