Belgiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda ABŞ-nyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Sietl şäherinde geçirildi.
Belgiýanyň düzüminde gollary Şarl de Ketelare (9-njy we 33-nji minutlarda), Hans Wanaken (57-nji minutda) hem-de Romelu Lukaku (90+3-nji minutda) geçirdiler. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa Malik Tillman 31-nji minutda geçirdi.
ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň başlangyç düzüminde Folarin Balogun meýdança çykdy. Ol bosniýalylar bilen geçirilen öňki duşuşykda (2:0) gyzyl petek alyp, oýundan çykarylypdy. Şeýle-de bolsa, Halkara Futbol Federasiýasynyň tertip-düzgün komiteti onuň diskwalifikasiýasyny wagtlaýyn togtatdy.
Belgiýanyň milli ýygyndysy çärýek finalda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 10-njy iýulda geçiriler.
Belgiýanyň milli ýygyndysy taryhynda dördünji gezek dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy. 1986-njy ýylda belgiýalylar dördünji orny eýelediler, 2014-nji ýylda çärýek finalda ýaryşdan çykdylar, 2018-nji ýylda bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Geçen dünýä çempionatynda Belgiýanyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmedi.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykyp bilmedi. Şeýle hem amerikalylar 2010-njy ýyldan bäri dördünji gezek 1/8 final tapgyrynda ýaryş bilen hoşlaşdylar.
