Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.
Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siz halkara giňişlikde beýik watançy we meşhur döwlet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz. Başlangyçlaryňyzyň netijesinde doganlyk Türkmenistanyň okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygy bizi tüýs ýürekden guwandyrýar.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýeten ýokary derejesi Siziň aýratyn hyzmatlaryňyz esasynda mümkin boldy. Geçen ýylyň oktýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Gabala şäherine amala aşyran saparyňyzyň netijelerine ýokary baha berýärin. Onuň çäklerinde özara ynanyşmak, düşünişmek we hoşniýetlilik ruhunda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Siziň başlangyjyňyz bilen Azerbaýjan Respublikasyna sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjit hem-de ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berendigiňiz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
