SPORT

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Kabo-Werdeniň ýygyndysy dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýekeje ýeňiş hem gazanman, pleý-offa çykmagy başaran ilkinji ýygyndy boldy.

Kabo-Werdeniň ýygyndysy “H” toparçasynda çykyş edip, Saud Arabystany, Ispaniýa we Urugwaýyň ýygyndylary bilen deňme-deň oýnady.

Iň soňky gezek munuň şeýle ýagdaý 1998-nji ýylyň dünýä çempionatynda bolupdy. Şonda Çiliniň ýygyndysy toparçada Italiýanyň (2:2), Awstriýanyň (1:1) we Kamerunyň (1:1) ýygyndylary bilen deňme-deň oýnap, 1/8 finalda braziliýalylardan utulypdy (1:4).

Kabo-Werdeniň ýygyndysy Saud Arabystanynyň ýygyndysy bilen deňme-deň (0:0) oýnady we 3 utuk bilen “H” toparçasynda ikinji ýeri eýeledi. Toparçalaýyn tapgyryň dowamynda olar ispanlar (0:0) we urugwaýlylar (2:2) bilen hem deňme-deň oýnapdylar.

1/16 finalda Kabo-Werdeniň ýygyndysy Argentinanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Related posts

Ýewropa çempionatynda ýyldyzlaşan futbolça uly gyzyklanma

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylar 20 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň çempiony – “Medipol Başakşehir”