SPORT

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda sportuň dürli görnüşi boýunça çykyş etmäge başladylar.

Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa XIX Aziýa oýunlarynda türkmen toparynyň düzüminde ilkinji bolup, medal gazanan türgenleriň biri boldy. Zenan türgenimiz 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç  medaly gazanmagy başardy.

Deslapky tapgyrda Pardaýewa Nepalyň wekili Pradhan Şredsany ýeňdi. Ýaryşyň indiki tapgyrynda türkmen dzýudoçysy günorta koreýaly Ýensong Parkdan ýeňildi.

Soňra Pardaýewa özbek atleti Şukurjon Aminowadan we hytaýly türgen Ki Kaýdan has güýçli bolup, çempionlygyň bürünç medalyna eýe boldy.

8-nji oktýabra çenli 61 ugurda 40 sport görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler, onda 481 medal ugrunda 45 ýurtdan 11934 türgen bäsleşer. Mundan başga-da, ýaý atmak we tennisi-de goşmak bilen, sportuň 9 görnüşi boýunça 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 74 sany ugradyş haty ugrunda-da bäsleşik bolar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri 3×3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş ederler.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy